Ýewropa futbolynyň hojaýny UEFA bilen Günorta Amerika futbolynyň hojaýny CONMEBOL bilelikde merhum futbolçy Maradonanyň adyny göterýän kubok duşuşygyny geçirmekçi bolýar. Her yklymyň çempionynyň arasynda bir oýun esasynda geçiriljek duşuşyga Maradona Kubogy diýlip at goýlar. Bu barada “New York Times” gazeti habar berýär. Maradona Kubogynyň ilkinji duşuşygynyň Ýewropanyň çempiony Italiýa bilen Günorta Amerikanyň çempiony Argentinanyň ýygyndylarynyň arasynda oýnalar. Duşuşygy Italiýanyň Neapol şäherindäki Diego Armando Maradona stadionynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Guramaçylyk bilen baglanyşykly beýleki jikme-jik maglumatlar häzirlikçe belli bolman, bu duşuşygyň diňe 1 gezeklikmi ýa-da mundan soň yzygiderli guraljakdygy hem futbol janköýerlerini içgini gyzyklandyrýar.