Beýik britaniýaly Taýson Fýuri bilen amerikaly Deonteý Waýlderiň arasyndaky boks tutluşygynyň geçiriljek wagty mälim edildi. Agyr agramda WBC-niň çempionlyk guşagy ugrundaky bu duşuşyk iki boksçynyň özarasyndaky 3-nji tutluşygy bolar. Aslynda bu duşuşyk 24-nji iýulda Las Wegasda geçiriljekdi. Ýöne pandemiýa sebäpli soňa süýşürilen duşuşygyň 9-njy oktýabrda ABŞ-nyň başga bir şäheri Los Anjelesde geçiriljekdigi habar berildi.

Iki boksçynyň ilkinji duşuşygy 2018-nji ýylyň dekabrynda geçirilip, tutluşyk deňlikde tamamlanypdy. 2020-nji ýylyň fewralynda Fýuri 7-nji raundda nokaut bilen garşydaşyny ýeňipdi.

Fýuri şu wagta çenli geçiren duşuşyklarynda 30 ýeňiş gazanyp, 1 duşuşygy-da deňlikde gutardy. Waýlder bolsa geçiren 44 duşuşygynda 42 ýeňşi, 1 deňligi bar. Onuň ýeke-täk ýeňlişi Fýuri bilen geçiren 2-nji duşuşygy bolupdy.

Tutluşygyň ýeňijisiniň WBA, WBO, IBF ugurlary boýunça çempionlyk guşagynyň eýesi, britaniýaly Entoni Joşua bilen tutluşar.