Dünýä belli MMA söweşijisi Konor MakGregor 5 ýyllyk arakesmeden soň oktagona dolandy. Ertir 38 ýaşyny doldurjak Konor MakGregor Las Wegasda gawaili Maks Holloweý bilen haklaşyk duşuşygyny geçirdi. Iki türgeniň arasyndaky 1-nji duşuşyk 2013-nji ýylda hasaba alnyp, MakGregor ýeňiş gazanypdy.
Bu gezek duşuşykda Maks Holloweý garşydaşyndan üstün çykdy. Eýýäm 1-nji raundyň ilkinji minutlarynda dyzyna şikes alan Konor MakGregor tehniki nokaut bilen ýeňlişe sezewar boldy.
Şeýlelikde, Konor MakGregor karýerasy boýunça 7-nji gezek ýeňlip, onuň 29 duşuşykda 22 ýeňşi bar. Ol soňky gezek 2020-nji ýylda ýeňiş gazanypdy. Ondan soň Dastin Porýe bilen geçiren 2 duşuşygynda-da garşydaşyndan asgyn gelipdi.
Maks Holloweý bolsa 37-nji duşuşygynda 28-nji ýeňşini gazandy.
PDF









