Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, 15-nji iýulda Özbegistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýa Halkara institutynyň açylyş dabarasy boldy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň dabara gatnaşyjylara ugradan gutlag hatynda dünýä bileleşiginiň ýurtlarynyň we halklarynyň parahatçylygyny we abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen institutyň alyp barýan işleriniň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek üçin anyk teklipleriň we taslamalaryň ösdürilmegine goşant goşjakdygy bellenilýär.
Şunuň ýaly özboluşly ylmy-barlag merkezini – Merkezi Aziýanyň Halkara institutyny “Merkezi we Günorta Aziýanyň sebitara gatnaşyklary” atly ýokary derejeli maslahatynyň öňüsyrasynda açýarys. Bu iki waka, Özbegistanyň sebit we sebitara gatnaşyklary hemme taraplaýyn ösdürmäge, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geografiýasyny giňeltmäge we onuň täze, geljegi uly ugurlaryny ösdürmäge taýýarlygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ylmy-barlag merkezi, Merkezi Aziýa bilen baglanyşykly sebitleýin prosesleri we halkara gatnaşyklary öwrenmek bilen meşgullanar, esasan hem, Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ylmy-barlag merkezleriniň arasynda ýakyn halkara hyzmatdaşlygynyň döredilmegine we pugtalandyrylmagyna goşant goşar.