Gurban Berdiýew Moskwada

106

Türkmenistanly tälimçi, “Rubin” we “Rostow” toparlarynyň ozalky tälimçisi Gurban Berdiýew Russiýanyň Futbol federasiýasy bilen milli ýygyndynyň tälimçiligi barada gepleşikler geçirmek üçin Moskwa geldi. Ol žurnalistleriň bu baradaky sowalyna-da kanagatlanarly jogap bermedi. Bu barada Çempionat saýty habar berýär. 68 ýaşly tälimçi ylalaşyk gazanan ýagdaýynda onuň kömekçisiniň Sergeý Ignaşewiçiň bolmagyna garaşylýar.