Bolgariýada şu ýylky ikinji Parlament saýlawlarynyň netijeleri mälim edildi. 2019-njy ýylda döredilen “Şeýle halk bar” partiýasy Halk Mejlisinde 240 mandatyň 65-sini alyp, iň uly Parlament fraksiýasyna öwrüldi we Ministrler Kabinetini döretmek hukugyna eýe boldy. Netijede, häzirki dolandyryjy partiýa – “Ýewropa ösüşi üçin Bolgariýanyň raýatlary” partiýasynyň ornuny tutdy.
Beýleki bäş syýasy partiýa ýa-da koalisiýa Halk mejlisine girmek üçin päsgelçilikleri ýeňip geçdiler. Şeýlelik bilen, GERB-iň gatnaşmagynda partiýalaryň koalisiýasy mejlisde 63 orny aldy, Bolgariýa Sosialistik partiýasyny öz içine alýan koalisiýa 36 mandat, Demokratik Bolgariýa partiýasy – 34 mandat aldy.
Konstitusiýa laýyklykda, Prezident Rumen Radew täze hökümet gurmak üçin Premýer-ministr wezipesine iň uly fraksiýa tarapyndan hödürlenen kandidaty hödürlär.
Bolgariýada ýylyň aprel aýynda Parlament saýlawlary geçirildi. Ýöne ses berişligiň netijesinde hökümet gurmak hukugyny alan ähli partiýalaryň we koalisiýalaryň muny amala aşyryp bilmänligi sebäpli täze saýlanan Parlamentiň işi ýatyryldy. 11-nji iýulda ikilenç saýlawlar geçirildi.
Bolgariýa Parlament Respublikasy bolup, Milli ýygnak 240 deputatdan ybarat, olar dört ýyl möhlet bilen halk köpçüliginiň sesi arkaly saýlanýar. Saýlawçylaryň 4%-den gowragy ses berse, partiýa Parlamente girip bilýär.