Angliýanyň “Premier Ligasy” “Matç TW”-de görkeziler

123

Russiýanyň “Matç TW” (Матч ТВ) teleýaýlymy dünýäniň iň öňdebaryjy futbol ligasy bolan Angliýanyň “Premier Ligasyny” görkezmek hukugyna täzeden eýe boldy. Bu barada teleýaýlymyň baş direktory Aleksandr Taşin habar berýär. 2022/2023 möwsüminden başlap, Angliýanyň “Premier Ligasy” ýene-de “Matç TW” teleýaýlymy arkaly futbol janköýerleriň dykgatyna ýetiriler. Taraplar 6 ýyllyk ylalaşyk gazandylar. Rus teleýaýlymy her möwsüm üçin “Premier Liga” 7 million ýewro tölär. Ýeri gelende aýtsak, “Premier Liga” soňky 4 ýyldan bäri “Okko” internet ýaýlymy arkaly görkezilýärdi. Çempionat täze möwsümde hem “Okko”-da görkeziler. Geljek möwsümden başlap welin, “Matç TW” teleýaýlymyna dolanar.