Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tomus paslynyň yssy günlerinde watandaşlarymyzy ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmäge çagyryp, öz maslahatlary bilen ýüzlenip, şulary ýatladýar:
Durmuş şertlerinde elektrik geçirijilerine zor salynmagy toga bir wagtda birnäçe ýokary kuwwatly elektrik sarp edijileri birikdirilmegi bilen, agram salmagy netijesinde bolup geçýär. Şeýle ýagdaýda elektrik geçirijide ýokary gyzgynlyk emele gelip, ýangyn ýüze çykma howpuny döredýär.
Elektrik geçirijileriň birikdirijileriniň ýa-da elektrik geçirijileriniň birikdirilen ýerleriniň gyzmagy olaryň berk birleşdirilmedik ýagdaýynda ýa-da bir-birleri bilen kebşirlemek, galaýylamak ýa-da ýörite niýetlenen birikdirijiler arkaly berkidilmedik halatlarynda ýüze çykýar. Bu ýaramaz baglanyşyk metalyň eremegine eltýän ýokary gyzgynlyga getirip, geçirijiniň gyzan ýeri ýanyjy jisim bilen galtaşan halatynda ot alma howpuna getirip bilýär.
Ýangyn köplenç ýagdaýda elektrik enjamlarynyň gözegçiliksiz galdyrylmagynyň netijesinde döreýär. Netijede bolsa öwezini dolup bolmajak, düzetmesi kyn bolan heläkçiliklere getirýär.
Elektrik çäýnekler, içinde suw saklanýan enjamlar howp döretmejek ýalydyr welin, ýöne hut şeýle enjamlaryň ýangynlara sebäp bolan ýagdaýlary ýüze çykýar. Eger işläp duran elektrik çäýnegi goýup ýatdan çykarylanda, ýangyna sebäp bolup bilýär.
Elektrik çyralarynyň temperaturasy, olaryň güýjüne baglylykda 106-160 derejä çenli baryp ýetýär. Onuň daşy çaň-tozan bilen örtülen bolsa, has hem gyzýar. Şonuň üçin hem ýanýan materiallar saklanýan ammarlarda, awtoulaghanalarda, bede saklanýan kömekçi jaýlarda ulanyýan elektrik ýagtylandyryjylary ýörite niýetlenen bolup, olar ýapyk aýna ýa-da beýleki ýanmaýan örtükler bilen goralan bolmalydyr.
Jaýlary ýagtyltmak üçin elektrik energiýasyny tygşytlaýjy çyralardan peýdalanmak örän gowy netije berýär. Bu çyralaryň ýagtyldyş täsiri ýokary bolup, ulanyş möhleti adaty çyralardan 10-15 esse köp, elektrik energiýasyny sarp edişi 80 göterime çenli azdyr.
Elektrik ulgamlarynda içerki elektrik geçirijileridir enjamlary goramak üçin goýulýan eregen goraýjylar howp döredip bilýär. Hatardan çykan eregen goraýjylaryň deregine döwlet standartlaryna laýyk gelýän goraýjylary goýmak maslahat berilýär. Bellenen sebäpler esasynda ýüze çykýan ýangynlardan habardar bolup, ýangyna garşy ýönekeý düzgünleriň berjaý edilmegi hökmandyr. Şonuň bilen birlikde bozulan ýa-da elde bejerilen goraýjylary ulanmakdan gaça durmaly. Elektrik geçirijileridir birikdirijileri öz wagtynda yzygiderli barlap durmaly, kemçilik ýüze çykan ýagdaýynda haýal etmän şol ugurdan işleýän ýörite hünärmenleri çagyryp, ony düzeltmeli. Elektrik geçirijileri çüýden asyp, öz agramyna sallap goýmaly däl, niýetlenmedik, elektrik ýagtylandyryjy çyralarda ýanyjy materiallardan emeli usulda ýasalan bezegleri ulanmaly däl, ýagtylandyryjy çyralaryň ýanyjy materiallara degmezligini üpjün etmeli. Ütükler, plitalardyr elektrik çäýnekleri oda durnukly gatlaklaryň üstlerinde ýerleşdirip, ýanyjy öý goşlaryndan, tutulardan, şeýle-de beýleki çalt tutaşýan jisimlerden daşda saklanmagyny üpjün etmeli.
Ýazmuhammet Akmedow,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň
ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 6-njy bölüminiň müdiri.