EY (Ernst & Young Global Limited) kompaniýasynyň dürli ýurtlarda geçiren barlaglary adamlaryň elektroulaglara isleginiň artýandygyny ýüze çykardy. Kompaniýanyň hünärmenleri adamlardan elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglara bolan garaýşyny sorapdyrlar. Barlag geçirilen ýurtlaryň ählisinde bu ulaglara ýokary baha berilýändigi görlüpdir. Sessizligi bilen tapawutlanýan bu ulaglar nebitden alnan ýangyjy ulanmaýandygy sebäpli ilatly şäherlerde howanyň hapalanmagynyň öňüni alýar. Soňky ýyllarda peýda bolan elektroulaglaryň adaty ulaglardan kem tarapy ýok. Bu bolsa olara bolan islegi has hem artdyrýar. Eletroulag modelleriniň artmagy netijesinde, olaryň bahasy hem arzanlaýar. EY kompaniýasy Awstraliýa, Kanada, Hytaý, Germaniýa, Hindistan, Italiýa, Ýaponiýa, Täze Zelandiýa, Singapur, Günorta Koreýa, Şwesiýa, Birleşen Patyşalyk we ABŞ ýurtlarynda jemi 9 müň adamdan pikir soraşma geçirdi. Sowalnamanyň netijesi her ýurtda tapawutly bolsa-da, indiki awtoulagynyň elektrik energiýaly bolmagyny isleýänleriň sany az däl. Hytaýda pikir soraşma gatnaşanlaryň 48 göterimi elektroulag edinmek isleýändiklerini aýdypdyr. Olaryň 43 göterimi adaty ýangyçly ulag almak isleýär. Pikir soraşmanyň netijesine görä, elektroulag almak isleýän şwedleriň mukdary hem hytaýlylaryňky bilen deň. Bu görkeziji Koreýa Respublikasynda 51 göterim, Singapurda 53 göterim. «Ferrari» we «Lamborghini» ýaly ýokary tizlikli ulaglaryň öndürilýän ýurdy bolan Italiýada adamlaryň 63 göterimi elektroulag almaga isleg bildirýär.
Awstraliýalylaryň bolsa entek elektroulaga öwrenişmändiklerini görmek bolýar. Ýurtda elektrik energiýasy bilen işleýän ulag almak isleýänleriň mukdary bary-ýogy 17 göterim. Pikir soraşma gatnaşanlaryň 75 göterimi adaty ýangyçly ulag almagyny dowam etdirjekdigini aýdypdyr. Amerikada we Hindistanda adamlaryň 28 göterimi elektroulag almak isleýär.
Elektrik energiýasy bilen işleýän ulag almak isleýänleriň sany Täze Zelandiýada 30, Kanadada 35, Germaniýada 38 göterime barabar. Birleşen Patyşalykda we Ýaponiýada bolsa bu ulagdan almak isleýänleriň sany, degişlilikde, 40 hem-de 42 göterimdigi ýüze çykaryldy. Pikir soraşma geçirilende, adamlardan ulagyň bahasyny we daşky gurşawa täsirini göz öňünde tutup jogap bermekleri talap edilipdir.
EY bir ýyl ozal hem şeýle pikir soraşma geçiripdir. Geçen ýylky pikir soraşmada adamlaryň ortaça 30 göterimi bu sowala oňyn jogap beripdir.