OPEC+ bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ry ne­bit önüm­çi­li­gi­ni şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li do­wam et­dir­mek we şert­na­ma­ny gel­jek ýy­lyň ahy­ry­na çen­li uzalt­mak ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Aw­gust aýyn­dan baş­lap ne­bit önüm­çi­li­gi gün­de 400 müň bar­re­le çen­li ýo­kar­la­nar.

Eks­port­çy­lar Ýa­kyn Gün­do­gar döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky gap­ma-gar­şy­lyk­la­r çözülenden soň­ra bu ka­ra­ry tas­syk­la­dy­lar. Mun­dan öň Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri ne­bit önüm­çi­li­gi­ni azalt­mak ýa-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça kwo­ta­lar ha­sap­la­nyl­ýan esa­sy pa­ra­metr­le­re tä­ze­den ga­ra­ma­gy tek­lip edip­di.

OPEC+ ka­ra­ry hä­zir­ki we gel­jek ýyl­lar­da Rus­si­ýa­nyň ne­bit önüm­çi­li­gi­ni goş­ma­ça 21 mil­li­on ton­na art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Ge­le­şi­giň tä­ze şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da­ky önüm­çi­li­giň muk­da­ry 2022-nji ýy­lyň maý aýyn­da çök­gün­lik­den öň­ki de­re­jä ýe­ter we býu­je­te goş­ma­ça 400 mil­liard rubl gir­de­ji al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­der.

OPEC+ 23 döw­le­ti öz içi­ne al­ýar. Olar­dan 13-si OPEC-e ag­za ýurt­lar: Al­žir, An­go­la, Kon­go, Ek­wa­to­ri­al Gwi­ne­ýa, Ga­bon, Yrak, Ku­weýt, Ni­ge­ri­ýa, Sa­ud Ara­bys­ta­ny, BAE, Eý­ran, Li­wi­ýa we We­ne­sue­la. OPEC+ kar­te­lin­de bol­sa 10 ýurt bar: Azer­baý­jan, Bah­reýn, Bru­neý, Ga­za­gys­tan, Ma­laý­zi­ýa, Mek­si­ka, Oman, Rus­si­ýa, Su­dan, Gü­nor­ta Su­dan.