Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy 2030-njy ýy­la çen­li 1990-njy ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny 55 göterim azalt­ma­ga kö­mek ed­ýän köp san­ly ka­nun tek­lip­le­ri­ni hö­dür­le­di.

Ol «Fit 55» (Taý­ýar­lyk 55) ady­ny al­dy. Brýus­sel ta­ra­pyn­dan öňe sür­len 13 baş­lan­gyç ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş dur­mu­şy­na, şeý­le hem Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ryn­da ulag, se­na­gat we söw­da ep-es­li de­re­je­de tä­sir eder.

– Ýew­ro­pa bi­ziň kli­mat is­leg­le­ri­mi­zi ama­la aşyr­mak üçin umu­my ar­hi­tek­tu­ra­ny dö­re­den il­kin­ji yk­lym bol­dy – di­ýip, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen aýt­dy. – Bi­ziň öňem bir mak­sa­dy­myz bar­dy, in­di oňa nä­dip ýet­jek­di­gi­mi­ziň ýol kar­ta­sy­ny hö­dür­le­ýä­ris. Bi­ziň goý­ber­jek se­riş­de­le­ri­miz ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­lar hem-de te­bi­ga­ty go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri ut­gaş­ýar. Bu öz­ge­riş­li­giň öze­nin­de iş we so­si­al de­ňag­ram­ly­lyk esa­sy orun eýe­le­ýär.

«Taý­ýar­lyk 55» me­ýil­na­ma­sy­nyň mö­hüm ele­men­ti zy­ňyn­dy­la­ryň söw­da ul­ga­my­dyr. Ol gä­mi gat­na­wy we ra­ýat awia­si­ýa­sy ýa­ly ener­gi­ýa­ny köp ta­lap ed­ýän pu­dak­la­rda iş alyp barýan kärhanalaryň dö­red­ýän ha­pa­la­ry üçin has köp pul tö­le­megini talap eder.

Mun­dan baş­ga-da, berk daş­ky gur­şaw ta­lap­la­ry­ny öňe sür­me­ýän ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän po­lat ýa-da se­ment ýa­ly önüm­le­re sal­gyt tö­le­ner. Bu­la­ryň hem­me­si gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne geç­me­gi hö­wes­len­dir­mek we trans­por­ty has tyg­şyt­ly et­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir.

Kom­mu­nal hyz­mat­la­ry­nyň ba­ha­la­ry­nyň ýo­kar­lan­ma­gy hem gu­tul­gy­syz bo­lan­soň, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi onuň üs­tü­ni so­si­al we ho­wa gaz­na­sy­nyň üs­ti bi­len dol­ma­gy mak­sat edin­ýär. Tä­ze dö­re­di­len bu gaz­na­dan binalaryň ýy­ly­lyk izol­ýa­si­ýa­sy üçin se­riş­de­ler bö­lü­nip ber­ler.

Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy ben­zin we di­zel aw­tou­lag­la­ry­nyň sa­tu­wy­nyň 2035-nji ýyl­da ta­mam­lan­ma­gy­na we wag­tyň geç­me­gi bi­len ar­zan bol­ma­gy müm­kin elekt­rik ulag­la­ry bi­len çal­şyl­ma­gy­na ga­raş­ýar.

Brýus­sel me­ýil­na­ma­sy­nyň ne­şir edil­me­gi azyn­dan iki ýyl do­wam eder. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti we ag­za döw­let­ler ýa­kyn wagt­da bu tek­lip­le­ri ka­nun ar­ka­ly dur­mu­şa ge­çi­rip baş­lar.