Dünýäniň dürli ýurtlarynda ilat sanynyň azalmagy sebäpli çaga sanyny artdyrmak üçin dürli höweslendiriji çäreler durmuşa geçirilýär. Polşada hem şeýle taslamany durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýurduň hökümeti üçünji we ondan soňky çagalary bolan maşgalalara 12 müň zloti (3 müň 100 dollar töweregi) pul kömegini berer. Täze kanun geljek ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer. Ilkinji ýyl 410 müň maşgalanyň üçünji çagasyny edinmegine garaşylýar. Ýurduň hökümeti üçünji çagadan başlap, her çaga üçin pul kömegini bermek barada kanun taslamasyny taýýarlady. Pul kömegi maşgalalaryň girdejisine garamazdan, ählisine berler. Pul kömegi gönüden-göni nagt görnüşde hem, çagalar bagyna ýa-da öýde çaga seredýän enekä hem geçirilip bilner.
Häzirki wagtda ýurduň 38 milliondan gowrak ilaty bar. Ýurtda 18 ýaşyndan kiçi ähli çagalara aýlyk 500 zloti (130 dollar) berilýär. Her ýylda bir gezek bolsa, 300 zloti (78 dollar töweregi) okuw esbaplaryny almak üçin pul kömegi berilýär.