Türkmenistanly agyr atletikaçy Polina Gurýewa kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalydyr. Tokio 2020-da agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda 59 kg agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz birbada götermekde 96, itekläp götermekde 121 kg, umumylykda-da 217 kg agramy göteren Polina Gurýewa kümüş medala mynasyp boldy. Bu ugurda altyn medaly dünýä rekordynyň eýesi Hytaý Taýpeýiniň ştangaçysy Go Sinçžun Olimpiýa rekordyny täzeläp, Olimpiadanyň altyn medalyny gazandy. Ol birbada götermekde 103, itekläp götermekde 133, jemi 236 kg agramy galdyrdy. Onuň görkezen 3 görkezijisi-de Olimpiýa rekordyna deňdir.

Bürünç medaly-da ýer eýesi ýaponiýaly Mikiko Andoh alyp, ol birbada götermekde 94 kg, itekläp götermekde 120, jemi 214 kg agramy göterdi.

Ildeşimiziň gazanan bu taryhy medalyndan soň häzirki wagtda Olimpiýa oýunlarynda medal gazanmadyk ýurtlaryň sany 70-e düşdi.