Jeýms Bond baradaky täze filmiň prokata çykjak wagty mälim edildi. “Bloomberg” agentliginiň habaryna görä, “No Time To Die” filminiň dünýä premýerasy 2020-nji ýylyň aprelinde meýilleşdirilipdi. Ýöne koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýylyň 2-nji apreline çenli yza süýşürilipdi. Aprele hem ýetişmedik filmiň sentýabr aýynda çykaryljakdygy habar berildi. Filme Kari Fukunaga režissýorlyk etdi. Jeýms Bonduň keşbini bolsa ýene-de aktýor Daniel Kreýg ýerine ýetirdi. Filmde Lea Seýdu, Kristofer Waltz, Rami Malek, Laşan Linç ýaly belli artistler surata düşdi.