S7 awikompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň ýolbaşçysy Tatýana Filewa uçar bilerleriniň nyrhynyň arzanlajakdygyny mälim etdi. Kompaniýa arzan bahaly awiakompaniýany döretmegi maksat edinýär. Arzan gatnawlary amala aşyrmak üçin 186 orunlyk “Airbus 320 NEO” uçaryny saýlanyp alnypdyr. Filewa ilkinji uçarlary satyn almak üçin eýýäm şertnama baglaşylandygyny aýtdy. Ilkinji gatnawyň 2022-nji ýylyň iýulynda ýola goýlar. Arzan bahaly gatnawlar, esasan, Russiýa Federasiýasynyň sebitleri we GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda amala aşyrylar. Şeýle hem “S7 Group” Kazan, Nowosibirsk we Çelýabinsk ýaly howa menzillerine täze gatnawlary ýola goýmak barada gepleşikler geçirýär.