Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary depginli ösüşler gazanyldy. Bu babatda aragatnaşyk ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi. Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur alýar. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyza Ýer ýüzünde ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berdi.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan we üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan «Türk­me­nis­tan­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» pu­dak­la­ry teh­no­lo­gi­ýa taý­dan öz­gert­me­giň hem-de döw­let ta­ra­pyn­dan do­lan­dyr­ma­gyň, ýur­du­my­zyň se­riş­de­ler we önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň esa­syn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň öz­bo­luş­ly se­riş­de­si bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ul­gam­la­ry­na san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň halk ho­ja­lyk top­lu­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. San­ly­laş­dyr­mak – mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­rar. Hor­mat­ly Prezidentimiziň Ka­ra­ry bi­len «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça yg­ty­ýar­ly eda­ra di­ýip kes­git­le­nil­di. Ýur­du­my­zyň te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk bin­ýa­dy kä­mil­leş­di­ril­ýär. Bu ba­bat­da «Ara­gat­na­şyk ha­kyn­da», «Türk­me­nis­tan­da In­ter­net to­ru­nyň ösü­şi­ni we in­ter­net-hyz­mat­la­ry­ny et­me­gi hu­kuk taý­dan düz­gün­leş­dir­mek ha­kyn­da», «Mag­lu­mat­lar we ola­ry go­ra­mak ha­kyn­da», «Ki­ber­howp­suz­lyk ha­kyn­da», «Elekt­ron res­mi­na­ma, elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy we san­ly hyz­mat­lar ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry hem-de beý­le­ki­ler ka­bul edil­di.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýet tiz­lik, amat­ly­lyk, tyg­şyt­ly­lyk dü­şün­je­le­ri bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry­nyň tej­ri­be­sin­den gör­nü­şi ýa­ly, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ýur­duň ösüş dep­gi­ni­niň çalt­lan­ma­gy­na we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gyň ha­sa­by­na ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, şeý­le-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň düý­bün­den ta­pa­wut­lan­ýan tä­ze hi­le geç­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Ýur­du­myz­da ila­ta hö­dür­len­ýän dür­li gör­nüş­li hyz­mat­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, dur­muş ul­ga­my­nyň dür­li pu­dak­la­ry­na san­ly in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler öz oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär.
Ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň in­ter­net hyz­mat­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, in­ter­net ul­ga­my­nyň göw­rü­mi gi­ňel­di­lip, in­ter­net aky­my­nyň tiz­li­gi yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar. Ola­ryň hä­zir­ki wagt­da­ky göw­rüm­le­ri hal­ky­my­zyň we halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň in­ter­net hyz­mat­la­ry­na bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ýar.
Bu gün­ki gün ýur­du­myz hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän we mag­lu­mat ara­gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry hi­li­ni üp­jün ed­ýän mil­li te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de se­bit­de esa­sy bag­la­nyş­dy­ry­jy mer­ke­zi eme­le ge­tir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ara­gat­na­şyk ul­ga­my­na dün­ýä­niň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak işi ne­ti­je­li al­nyp ba­ryl­ýar, op­ti­ki-sü­ýüm­li ma­gist­ral ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça uly tas­la­ma­lar ama­la aşy­ryl­ýar. Döw­le­ti­miz di­ňe bir mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de däl, eý­sem, Gün­do­ga­ryň we Gün­ba­ta­ryň ara­syn­da wa­jyp mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk köp­rü­si­ni eme­le ge­tir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da 5 sa­ny döw­le­ta­ra op­ti­ki-sü­ýüm­li mag­lu­mat ge­çiş ugur­la­ry he­re­ket ed­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de gur­lu­şy­gy ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan ug­ry bo­ýun­ça op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my gel­jek­de Azi­ýa we Ýew­ro­pa döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dy­rar, se­bit­de söw­da-yk­dy­sa­dy we mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­nyň yg­ty­bar­ly we bök­denç­siz iş­le­me­gi­ni üp­jün eder.
«Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk­lar ne­ti­je­sin­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler hem hal­ky­my­zyň aba­dan hem-de eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re öz­bo­luş­ly go­şant bo­lup, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň art­ma­gy­nyň, yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­me­giň esa­sy ýo­ly ha­sap­la­nyl­ýar.
Ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan dün­ýä äh­mi­ýet­li iş­ler, giň ge­rim­li tas­la­ma­lar­dyr öz­gert­me­ler milli Liderimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik sep­git­le­ri na­zar­lap, ösüş ýo­ly bi­len bar­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry esa­syn­da ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi hem-de bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy bol­sa ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­niň yg­ty­bar­ly ke­pi­li bo­lup dur­ýar. Döw­le­ti­miz­de ra­ýat awia­si­ýa pu­da­gy­ny ös­dür­mek ba­ra­da­ky iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ri­len­de «2012-2030-njy ýyl­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat awia­si­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­dan» ugur alyn­ýar. Mak­sat­na­ma­da tä­ze ho­wa men­zil­le­ri­niň gur­lu­şy­gy­ny hem-de ozal he­re­ket ed­ýän­le­ri­niň, beý­le­ki de­giş­li des­ga­la­ryň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi we ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy, hä­zir­ki za­man uçar­la­ry­nyň we beý­le­ki ze­rur teh­ni­ka­la­ryň sa­tyn alyn­ma­gy, hyz­mat­la­ryň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy ýa­ly we­zi­pe­ler kes­git­len­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz BMG-niň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ut­gaş­dy­ry­jy ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy bo­lup dur­ýan Hal­ka­ra ra­ýat awia­si­ýa gu­ra­ma­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy­dyr. Bu iri gu­ra­ma ho­wa gat­naw­la­ry­nyň howp­suz­ly­gy­ny, yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny we ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün et­mek üçin ze­rur bo­lan äh­li hal­ka­ra ka­da­la­ry­ny ýo­la goý­ýar. Mu­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­myz­da he­re­ket ed­ýän «Türk­me­nis­ta­nyň Ho­wa ko­dek­si» ýu­ri­dik we fi­zi­ki şahs­la­ryň is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak­da awia­si­ýa­nyň işi­niň, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň ho­wa gi­ňiş­li­gin­den peý­da­lan­mak, onuň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça beý­le­ki işiň, go­ran­ma­gyň hem-de döw­le­tiň bäh­bit­le­ri­ni go­rap sak­la­ma­gyň, ho­wa gä­mi­le­ri­niň uçuş­la­ry­nyň howp­suz­ly­gy­nyň, awia­si­ýa hem-de eko­lo­gik howp­suz­ly­gyň hu­kuk, yk­dy­sa­dy we gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry­ny kes­git­le­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de çalt dep­gin­ler bi­len ös­ýän ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­me­gi, il­kin­ji no­bat­da, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miziň kuw­wat­lan­ma­gy­na iter­gi ber­ýär. Bu ba­bat­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň tä­ze­den di­kel­di­lip, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has hem giň ge­ri­me eýe bol­ma­gy­na, pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar.

Ila­man ÖWE­ZOW,
Da­şo­guz Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň
KA­IG-nyň baş­ly­gy.