Latyn Amerikasy we Karib Döwletleri Jemgyýeti (CELAC) ýurtlary bilelikdäki kosmos agentligini döretmek kararyna geldiler. Bu ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilen ýygnagynda Meksika, Ekwador, Boliwiýa, Argentina, Kosta-Rika we Paragwaý, Latyn Amerikasy we Karib ýurtlary Kosmos Agentligini (ALCE) döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler.
Meksikanyň paýtagty Mehikoda geçirilen ýygnak tamamlanandan soňra Meksikanyň daşary işler ministri bu barada habar berdi. Ebrard bu ylalaşyga 6 ýurduň gol çekendigini we hödürlenen taslamanyň durmuşa geçirilmeginde beýleki 26 ýurduň hem jogapkärçilik çekýändigini belledi. Hödürlenen taslamanyň ähli agza ýurtlara paýlanyp öwrenilenden soňra ylalaşyga gol çekýän ýurtlaryň sanynyň artmagyna garaşylýandygy bellenildi. Ekwadoryň daşary işler ministri Maurisio Montalwo bolsa bu başlangyja goldaw berýändiklerini aýdyp, gatnaşygyň artjakdygyna umyt bildirýändiklerini belledi.
Meksikanyň daşary işler ministrliginiň berýän maglumatynda ALCE agza ýurtlaryň kosmos barlaglary üçin utgaşdyryjy merkez boljakdygy we kosmos aragatnaşygy ulgamyny has-da gowulandyrmak üçin goldaw berjekdigi bellenildi. Ylalaşyga gol çeken ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylarynyň 18-nji sentýabrda sammit geçirjekdigi we agentligiň gurluşy, beýleki taraplary barada çuňňur pikir alyşjakdygy mälim edildi.