Önümçilik babatda dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan Hytaý energiýanyň arassa çeşmelerine has köp maýa goýýar. Ýurtda Gün panelleri we ýel turbinalary arkaly energiýa öndürýän beketlerden başga-da alternatiw çeşmeler işlenip taýýarlanýar. Ýurt 2060-njy ýyla çenli önümçilik we gatnaw sebäpli howa goýberilýän zyýanly gazlary dolulygyna aradan aýyrmagy maksat edinýär. Täze taýýarlanan maksatnamanyň çäklerinde has ygtybarly ýadro bekedi gurlar. Adaty beketlerden tapawutlylykda täze önümçilik desgasynyň nusgaly görnüşi awgust aýynda tamamlanar. Sentýabrda ilkinji synaglar geçirilip başlanar. Arassa energiýa öndürýän desga 2030-njy ýylda dolulygyna işe giriziler. Bu desgada ýangyç hökmünde suwuklandyrylan toriý we erän duz ulanylar. Şeýle hem önümçilik desgasynda suwa zerurlyk duýulmaz.