Alymlar kosmosa bir zady uçurmagyň innowasion, arzan we has çeýe usulyny oýlap tapdylar. Ýeriň aşaky orbitasyna raketanyň ýerine geliý gazly şarlaryň ulanylmagy maksat edinilýär. Durham, Toronto we Prinston uniwersitetleri NASA we Kanada kosmos gullugy (CSA) bilen bilelikde bu usuly synagdan geçirýärler. Göwrümi 532 müň kub metr bolan “SuperBIT” atly geliý şary Ýeriň atmosferasynyň ýokarsyna çykýar. Şaryň ululygy stadionyňka barabar bolup, bu usul arkaly ilkinji uçuşy amala aşyrmagyň bahasynyň 5 million dollar boljakdygy aýdylýar. Bu usulda arzan bolmagy bilen bir hatarda ýangyç ulanylmaýanlygy sebäpli daşky gurşawa hem zyýan ýetirmeýär.