Dünýäde häzire çenli 4 milliard 23 million doza koronawirus sanjymy edilendigi habar berildi. Sanjym etmekde dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaý öňdeligi eýeleýär. Ýurtda 1 milliard 601 million doza sanjym urlupdyr. Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda bu görkeziji 465 milliona ýetipdir. Hindistanda bolsa, 455 million koronawirus sanjymy edilipdir.
Şeýle hem gündelik edilýän ortaça sanjymyň sany hem artýar. Soňky maglumatlara görä, her günde 39 million doza sanjym edilýär. Täze waksina görnüşleriniň çykmagy bilen bu görkezijiniň has hem artmagyna garaşylýar.