Ba­sym Rus­si­ýa­nyň De­mir­ga­zyk paý­tag­tyn­da be­ýik gru­zin şa­hy­ry Şo­ta Rus­ta­we­li­niň ýa­dy­gär­li­gi gur­lar. Hä­zir­ki wagt­da onuň di­kel­dil­jek ýe­ri Sankt-Pe­ter­bur­gyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len yla­la­şyl­dy. Ýa­dy­gär­li­giň gu­rul­jak kö­çe­si şa­hy­ryň ady­ny gö­te­rip, ol 50 ýyl mun­dan ozal, “Gap­laň de­ri­si­ne gi­ren päl­wa­nyň” aw­to­ry­nyň 800 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi bel­le­ni­len­de da­ky­lyp­dy. Ýa­dy­gär­li­gi di­kelt­me­giň ba­şy­ny baş­laý­jy­lar hök­mün­de Şo­ta Rus­ta­we­li jem­gy­ýe­ti çy­kyş et­di. Bel­li gru­zin heý­kel­ta­raşy Zu­rab Se­re­te­li bol­sa, heý­ke­li ýa­sap, jem­gy­ýe­te peş­geş hök­mün­de ber­di. Eý­ýäm, ýy­lyň ahy­ry­na çen­li gru­zin nus­ga­wy şa­hy­ry­nyň heý­ke­li öz ady­ny gö­ter­ýän kö­çe­de di­kel­di­ler.
XII asyr­da ýa­şap ge­çen gru­zin şa­hy­ry Şo­ta Rus­ta­we­li­niň häzire çenli ter­ji­me­ha­ly do­ly bel­li bolman, syr­ly galýar. Onuň dur­mu­şy ba­ra­da­ky köp mag­lu­mat­lar hem he­ni­ze çen­li nä­mä­lim­. Onuň haý­sy ýyl­lar­da dog­lup, ara­dan çy­kan­ly­gy ba­ra­da anyk maglumat ýok. Di­ňe 1160 – 1166-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da dog­lan­ly­gy çaklanylýar. Ol Rus­ta­we­li at­ly ki­çi­räk oba­da dün­ýä in­ýär we şa­hy­ryň ady hem ýa­şan ýe­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Em­ma şol ta­ry­hy dö­wür­de Gru­zi­ýa­da şeý­le at­lan­dy­ryl­ýan bir­nä­çe ýer­le­riň bo­lan­ly­gy üçin şa­hy­ryň olaryň haýsynda dog­lan­ly­gy nä­mä­lim­li­ginde gal­ýar.
Şo­ta Rus­ta­we­li gurp­ly maş­ga­la­da dün­ýä in­ýär. Ol bel­li gru­zin şa ze­na­ny Ta­ma­ra­nyň ha­zy­na­da­ry bol­ýar. Rus­ta­we­li Ta­ma­ra­nyň döw­rün­de döw­let iş­gä­ri bo­lup, şol döw­rüň res­mi­na­ma­la­ry­nyň bi­rin­den 1190-njy ýyl diý­lip se­ne­le­nen şa­hy­ryň go­ly ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Gru­zin ta­ry­hy­nyň al­tyn asy­ryn­da li­ri­ki şyg­ry­ýet gül­läp ös­ýär we bu ösüş­de Şo­ta Rus­ta­we­li­niň “Gap­laň de­ri­si­ne gi­ren päl­wan” at­ly ese­ri uly rol oý­na­ýar.
Bu di­ňe bir ede­bi eser bol­man, eý­sem, ta­ry­hy eser ha­sap­lan­ýar. Çün­ki aw­tor on­da öz hö­küm­da­ry – şa ze­nan Ta­ma­ra ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Şa­hyr ese­rin­de onuň gö­zel­li­gi­ni we paý­ha­sy­ny wasp ed­ýär. Bu poe­ma XII asyr­dan bä­ri, gru­zin hal­ky­nyň buý­san­jy bo­lup, on­da şa­hy­ryň pä­him-paý­ha­sy gör­ne­tin ýü­ze çyk­ýar. Onuň Pla­to­nyň fi­lo­so­fi­ýa­syn­dan go­wy ba­şy çy­kyp­dyr, Go­me­riň poe­ma­la­ry­nyň ga­dyr-gym­ma­ty­ny bi­lip­dir, yla­hy­ýe­ti okap, arap-pars dil­le­ri­ni gowy bi­lip­dir, döw­le­tiň iş­le­rin­den do­ly ba­şy çy­kyp­dyr.
Ta­ma­ra­nyň ýur­dy do­lan­dy­ran döw­rün­de Rus­ta­we­li uly ab­ra­ýa eýe bo­lup­dyr, ýö­ne 1209-njy ýa-da 1213-nji ýyl­da şa ze­nan ara­dan çy­kan­dan soň­ra şahyr uly kynçylyklara duçar bolýar. Gru­zin ede­bi­ýa­ty­nyň par­lak ýyl­dy­zy­nyň nä­hi­li ara­dan çy­kan­ly­gy ba­ra­da hem bel­li tutaryk ýok. Onuň Ie­ru­sa­li­me git­mä­ge mej­bur bo­lan­dy­gy, şol ýer­de 1216-njy ýylda ara­dan çy­kan­ly­gy ba­ra­da mag­lu­mat­lar bar. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi XVIII asyr­da hem äşgär bolman galýar. Em­ma, wagtyň geçmegi bilen Rus­ta­we­li­niň belli ese­ri Gru­zi­ýa­nyň çäk­le­rin­den da­şar­da uly ab­ra­ýa eýe bo­lýar.
Geçen asyrda Şota Rustaweliniň “Gaplaň derisine giren pälwan” eseri iň­lis, fran­suz, ne­mes, pol­ýak, iw­rit, hin­di, hy­taý, ýa­pon, türk­men, azer­baý­jan, er­me­ni, ital­ýan, is­pan, pars, arap we baş­ga­-da birnäçe dil­le­re ter­ji­me edil­di. Şu gün­ki gün­de Gru­zi­ýa­nyň dra­ma te­at­ry, bir­nä­çe ýo­ka­ry mek­dep­le­ri, Tbi­li­si­niň baş şa­ýo­ly, köp san­ly mer­ke­zi kö­çe­le­ri we gru­zin şä­her­le­ri şa­hy­ryň ady­ny gö­ter­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da şa­hy­ryň ady Kaw­kaz­da­ky dag ge­riş­le­ri­niň iň be­ýik ýe­ri­ne da­ky­ldy. Şu ýyl Rus­ta­we­li­niň dog­lan gü­nü­ne 850 ýyl dolýar.