Tokio 2020-de erkekleriň arasynda ýeňil atletikanyň päsgelçilikli 3000 metr ylgaw ýaryşynda 1984-nji ýyldan soň, ýagny 37 ýyldan soň ilkinji gezek keniýaly türgenlere ýeňiş gazanmak başartmady. Başgaça aýdylanda keniýalylar 9 Olimpiadan bäri bu ugurda öňlerine adam geçirmän gelýärdiler. Ýöne ozalkylardan üýtgeşiklikde geçirilýän Tokio 2020-de ýeňil atletikanyň bu görnüşi hem täzeliklerden özüne düşen paýy aldy. Bäsleşigi 8 minut 09,90 sekuntda tamamlan marokkoly Sofian El-Bakkali altyn medala mynasyp boldy. 8 minut 10,38 sekuntda pellehanadan geçen efiopiýaly Lameça Girma 2-nji, 8:11,45-lik görkeziji bilen çykyş eden keniýaly Benžamin Kigen 3-nji ýeri eýeledi.
Keniýaly ylgaýjylar Olimpiýa oýunlarynyň çäginde 23-nji gezek geçirilen päsgelçiliklik 3000 metr bäsleşiginde 11 gezek çempionlyk gazanypdylar.