Şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi.
Bu Kararnamanyň esasy wezipesi dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda, häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdyr.
BMG-niň agza döwletleriniň 193-si tarapyndan biragyzdan kabul edilen hem-de 48 ýurduň döredijileri bolup çykyş eden bu Kararnama türkmen tarapyndan Baş Assambleýanyň 75-nji sessiýasynda öňe sürlen başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda olary durmuşa geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli netijeli daşary syýasy ugrunyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Bu ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigini ýene bir gezek tassyklady. Häzirki döwürde bu däp bolan köpugurly gatnaşyklar bilelikdäki işleriň toplanan baý tejribesine hem-de bar bolan uly mümkinçiliklere esaslanmak bilen, yzygiderli giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki 75-nji ýubileý sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarydygyny bellemek gerek. Ýurdumyz bu hormatly wezipäni indi altynjy gezek ýerine ýetirýär.
BMG we onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeliligi esasynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary Kararnamalaryň ençemesinde anyk beýanyny tapýar. Şol resminamalaryň birine laýyklykda, 2021-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi.
Häzirki wagtda ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölekleriniň biri bolmak bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklaryny durnuklaşdyrmaga hem-de sazlaşdyrmaga gönüden-göni täsir edýär we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orun eýeleýär. BMG-niň çäklerinde bu ugurdaky ähli tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýan Türkmenistan köpugurly utgaşdyrylan ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hem-de olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen üstünlikli amala aşyrýar.
«Demirgazyk — Günorta» hem-de «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça çäk taýdan örän amatly ýerleşýän ýurdumyz sebit hem-de yklym ähmiýetli wajyp üstaşyr ulag we logistik merkez hökmünde özüniň ornuny ynamly pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyzda ulag toplumynyň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň depginli ösdürilmegini hem-de düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ugurdaş maksatnamalar işlenip düzülýär hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabat şu meselä bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyň, 2016-njy ýylyň noýabrynda bolsa durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2018-nji ýylyň maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça halkara forum geçirildi. Şonuň ýaly-da, bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri 2019-njy ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibine girizildi.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2014-nji, 2015-nji hem-de 2017-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalaryň üçüsini biragyzdan kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda wideoýüzlenme arkaly çykyş edip, adatdan daşary ýagdaýlar döwründe durnukly, howpsuz hem-de ygtybarly ýük daşalyşyny üpjün etmäge degişli teklipleri beýan etdi. Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň dowam edýändigi hem-de onuň täsirlerini ýeňip geçmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmek bilen baglylykda, onuň ähmiýeti aýratyn uludyr.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýokarda agzalan Kararnamanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bellenilýän ýylda kabul edilmegi hem ählumumy durnukly ulag ulgamyny döretmäge, özara bähbitli ykdysady hem-de söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge anyk goşant bolar.