Mil­li Li­de­ri­mi­ziň parasatly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz äh­li ugur­lar­da gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­ler ga­zan­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, he­mi­şe­lik bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­rin­den ugur al­nyp, halk ho­ja­ly­gyn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy bar­ha iş­jeň­leş­di­ril­ýär.
Bu gün­ki gün­de hal­ky­myz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy­nyň to­ýu­na taý­ýar­lyk gör­ýär. Hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Ga­raş­syz­ly­ga gu­wan­mak, Wa­ta­ny, halky söý­mek bagt­dyr diý­ýän söz­le­ri şan­ly ýy­ly­myz­da has çuň­ňur ma­ny-maz­mu­na eýe bol­ýar. Se­bä­bi, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz ga­dy­my hal­ky­my­zyň asyr­lar­bo­ýy ar­zu­wy­nyň ha­syl bol­ma­gy­dyr. 30 ýy­la go­laý wagt mun­dan ozal ga­za­ny­lan Ga­raş­syz­ly­gy­myz halkymyzy Berkarar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ne ýe­tir­di. In­di Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­ny­ dün­ýä ta­na­ýar. Döw­le­ti­miz­de ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şul­ma­gyn­da­ky ýe­ňiş­li ga­dam­la­ry­nyň bat­lan­ma­gy­na kuw­wat­ly iter­gi ber­ýär.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň ulu­dan bel­le­nil­ýän ýy­lyn­da bol­sa açy­lyş da­ba­ra­la­ry­nyň şa­ny has-da be­len­de gal­dy. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne soň­ky bir­nä­çe aýyň do­wa­myn­da ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz­da, ýur­du­my­zyň Bal­kan, Da­şo­guz, Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lan des­ga­lar hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Hormatly Prezidentimiziň gat­naş­ma­gyn­da toý ru­hun­da açy­lan şol des­ga­la­ryň ara­syn­da «Türkmeniň ak öýi» bi­na­la­ry­nyň bol­ma­gy diý­seň gu­wan­dy­ry­jy­dyr.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myz hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mi­ze­mez sü­tün­le­ri­dir. Türk­men top­ra­gyn­da ýa­şa­ýan bag­ty­ýar hal­ky­myz Ga­raş­syz­ly­gyň eçil­ýän mi­we­le­ri­ni her ädim­de gö­rüp we du­ýup ýa­şa­ýar­lar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da Türk­me­nis­tan saý­lap alan mil­li ösüş ýo­lu­nyň berk­di­gi­ni we ne­ti­je­li­di­gi­ni su­but et­di. Ýur­du­myz hal­ka­ra de­re­je­de mö­hüm sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we eko­lo­gi­ýa baş­lan­gyç­la­ry­ny öňe sür­di, pa­ra­hat­çy­ly­gy dö­red­ýän ýurt hök­mün­de dün­ýä­de uly ab­ra­ýa eýe bo­lup, uzak möh­le­te ni­ýet­le­ni­len ösüş mak­sat­la­ry bo­lan, kuw­wat­ly we saz­la­şyk­ly ös­ýän döw­le­te öw­rül­di.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­na giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýän gün­le­r­de Ga­raş­syz­lyk to­ýu­my­zyň be­lent ru­hu­na la­ýyk aja­ýyp des­ga­la­ryň, ýag­ny Le­bap we­la­ýa­tyn­da Ker­ki Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň hem-de «Türkmeniň ak öýi» bi­na­sy­nyň açyl­ma­gy, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­niň düý­bü­niň tu­tu­lyp, «Türkmeniň ak öýi» bi­na­sy­nyň açyl­ma­gy, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan tä­ze ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň, «Türkmeniň ak öýi» bi­na­sy­nyň ula­n­ma­ga be­ril­me­gi, şeý­le-de Ýa­po­ni­ýa­da ge­çiril­ýän XXXII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da türk­me­nis­tan­ly tür­ge­ni­mi­ziň ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek kü­müş me­da­la my­na­syp bol­ma­gy ähli hal­ky­my­zy be­gen­di­ren aja­ýyp toý sow­gat­la­ry bol­dy.
2021-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra çä­re­ler Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ata Wa­ta­ny­my­zyň ýe­ten be­lent sep­git­le­ri­ni, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny we hormatly Prezidentimiziň parasatly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ösü­şi­ni, Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa­da hal­ka­ra mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýur­dy hök­mün­de eýe­le­ýän or­nu­nyň bar­ha pug­ta­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­ýän äh­li tek­lip­le­riň we baş­lan­gyç­la­ryň Milletler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­ler ta­ra­pyn­dan he­mi­şe-de gyz­gyn gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gy­na in­di en­çe­me ge­zek şa­ýat bol­ýa­rys. Ine, ýa­ňy-ýa­kyn­da hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji ses­si­ýa­sy­nyň 96-njy ple­nar mej­li­sin­de Türkmenistanyň baş­lan­gy­jy boýunça «Ko­ro­na­wi­rus ke­se­li­niň (COVID-19) pan­de­mi­ýa­sy we on­dan soň­ky dö­wür­de dur­nuk­ly ösüş üçin üz­nük­siz we yg­ty­bar­ly hal­ka­ra ýük da­şa­ma­la­ry üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek» at­ly Ka­rar­na­manyň gu­ra­ma­nyň äh­li ag­za ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Berkarar Watanymyzyň abraýyny belende gal­dyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet äh­mi­ýet­li iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Jeý­hun GEL­DI­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.