«Sözüň agramyny ölçemez tonna,
Ölçemez güýjüni milýon kilowat.
Söz ýalaňaç pikire gyrmyzy dondur.
Söz bar – kime şapbat,
Söz bar – kime bagt».
Şahyr G. Ezizowyň bu setirlerini ilkinji gezek okalym bäri onlarça ýyl geçdi. Bu setirleri gözlerimiň ikinji, üçünji, dördünji gezekler yzarlanyna hem kän wagt boldy. Soň olar aňyma hemişelik ýazyldy. Ony ýöriteläp etmedim. Öz-özünden boldy. Her gezek kalbym başga biriniň sözüne galkynanda ýa-da ynjan mahalym bu setirler biygtyýar serime gelýär…
Hawa, biziň zybanymyzdan çykýan her bir sözüň beýik güýji bar. Ol güýç adam ykbalyny üýtgedip biljek derejede täsirli. Bu barada bir dana şeýle diýipdir: «Aýdýan her bir sözüňiziň diňe başgalaryň däl, hatda, öz durmuşyňyzyň hem üýtgemegine nähili täsiriniň bardygyny bilsediňiz, onda siz hiç wagt ýaman sözleri aýtmazdyňyz».
Adamyň niýetini, häsiýetini, dünýägaraýşyny, medeniýetiniň derejesini sözünden kesgitläp bolýar. Aýtmaklaryna görä, Sokratyň ýanyna bir adamy getiripdirler. Dana bu getirilen adam barada öz pikirini aýtmaly eken. Nätanşy esli wagtlap synlan Sokrat dillenipdir:
– Gürle ahyry, men seni tanaýyn!
Agzymyzdan çykýan her söze jogapkärçiligimiz barada Magtymguly Pyragynyň altyna gaplaýmaly setirleri bar:
«Sözläbilseň, ýagşy sözle,
Halk ýamanyň bizarydyr».
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda şeýle bir rowaýat bar. «Bir goja melleginde işläp ýörkä, onuň ýanyna köçeden geçip barýan ötegçi gelipdir. Ol biraz dem-dynjyny alandan soň, ýaşula şeýle sowal bilen ýüzlenipdir:
– Meniň şu oba göçüp gelmek niýetim bar. Şonuň üçin obanyň adamlaryny öwreneýin diýdim. Obaňyzyň adamlarynyň adamkärçiligi nähilidir?!
Goja ýolagçynyň ýüzüne göni seredip:
– Seniň öz obaňdaky adamlaryň adamkärçiligi nähili? – diýip sorapdyr. Ýolagçy diňşirgenip durupdyr-da:
– Diýseň erbetdi. Hemmesi gybatkeş, öwünjeň, ýalançy. Dogrymy aýtsam, obadan göçüp gaýtjagyma begenýärin – diýip jogap beripdir.
Goja gaşyny çytyp:
– Biziň obamyzyň ilaty hem şeýle – diýipdir. Ýolagçy:
– Beýle bolsa, men başga obalara-da aýlanyp çykaýyn – diýip, ýola düşmekçi bolupdyr.
Şol halatda hem gojanyň ýanyna başga bir ýolagçy gelip, ýaňky ýolagçynyň beren sowaly bilen goja ýüzlenipdir. Goja oňa hem:
– Siziň obaňyzyň adamlarynyň adamkärçiligi nähili? – diýip sowal beripdir.
Ikinji ýolagçy gynanç bilen:
– Diýseň gowy. Hemmesi biri-birine kömekleşmegi halaýan, wepaly, zähmetsöýer adamlar, örän agzybir. Işim sebäp bolmadyk bolsady, ol ýerden göçüp gaýtmazdym – diýipdir.
Bu gezek goja çalaja ýylgyryp:
– Biziň obamyzyň adamlary hem şeýle – diýipdir.
Ikinji ýolagçy:
– Onda men şu ýerde galyberjek – diýip, ýerinden turupdyr.
Bularyň ikisiniň gürrüňini diňläp oturan hälki birinji ýolagçy goja ýüzlenip:
– Ýeri, näme üçin meni aldadyň? Men saňa näme ýamanlyk etdim? Maňa obanyň ilatynyň adamkärçiligi erbet, oňa bolsa gowy diýýärsiň – diýipdir.
Onuň sowalyna goja:
– Tutuş obanyň ilatynyň adamkärçiligi seniň özüňe görädir. Sen daş-töweregiňdäki adamlara nähili göz bilen seredýän bolsaň, olar hem saňa şolar ýaly bolup görner – diýip, jogap beripdir».
Bu rowaýatda adam häsiýetlerini açyp görkezýän köp aýratynlyklar bar. Iň esasy bolsa, her kimiň başga biri hakda aýdýan sözlerinden hem onuň nähili adamdygynyň, içki dünýäsiniň aýdyň görünýändigi aýdylýar.
Teatr sungaty edebi diliň, arassa gürleýşiň, täsirli sözlemegiň mekdebi hasaplanýar. Söz – teatr sungatynda artist üçin esasy serişde. Sahna çykýan artist gahrymanlarynyň içki dünýäsini, pikirini söz arkaly daşyna çykarýar. Tomaşaçyny, köplenç, sözüň güýji kökerýär. Şonuň üçin dramaturgiýa teatr sungatynda iň wajyp zat. Elbetde, sözüň aýdylyş äheňi artistiň ussatlygyna gönümel bagly zat. Ussatlyk – artistiň zehini, dünýäsi, akyly, bilimi. Juda zehinli adamlaryň ussatlygy sözüň kömegi bilen hem her ynsanyň ýüregine ýol salyp bilýändigidir.
Artist bolasym gelip, teatr ugrundan okap ýören talyp wagtlarym öýe dynç alşa gelipdim. Ejem bilen agşamlyk naharyň ugrundadyk, ikimizden hem ses-üýn çykmaýardy. Radiooýun diňleýärdik. Ýusup Berdiýewiň eseri esasynda »Soňky tüýkülik sakgal ezmez» radiooýny tamamlanyp barýardy. Oýun gutaransoň hem ejem bilen sesimizi çykarman işimize gümra bolup otyrdyk. Radiooýundaky gahryman gelniň ykbaly hakda oýa batyp oturamsoň, ejemiň hem şeýle ýagdaýdadygyna ynanýardym. Uludan dem alyp, söze başlan ejem garaşmadyk sözlerimi aýtdy:
– Sen artist boljak diýýäňmi? Ine, boljak bolsaň, şeýle ussat bolmaly! Bu artistiň dili däl, ýüregi gepleýär!
Haýran galdym. Ýönekeý oba zenanynyň, maňa mähriban ynsanyň – ejemiň sadalyk bilen artistligiň ussatlygy barada şol radiooýundaky gahryman gelniň keşbine jan beren Ýelizaweta Garaýewanyň zähmetine, zehinine gönükdirip aýdan şol sözleri ruhuma baky ýazyldy. Käbämiň saýlan hünärim barada çuňňur pikirlenmesi bütin ömrüme sargyt kysmy bir zat boldy. Ol sözler maňa hemişe ganat baglatdy. Ussat halypanyň zehininden ruhlanan ejemiň kalbyndan syzylan bu sözler meniň hünärime çynlakaý ýapyşmagyma goltgy boldy. Her gezek başlaýan işime jogapkärçiligimi artdyrdy. Hamala, ejemiň öňünde synagdan geçýän ýaly duýgular mende henize çenli dowam edýär.
Sözüň täsiri barada artistleriň öz aralarynda degişme äheňinde aýdylýan gürrüňler hem bar. Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda zähmet çeken halypalaryň aglabasy biri-biri bilen oýun-henek etmegi halardylar. Bir gezegem olar sözüň adama näderejede täsir edýändigini ýene bir gezek barlap görmek üçin ýoldaşlary bilen degişmek isläpdirler. Ir bilen şähdaçyk halda, aýdyma hiňlenip gelýän artist Baýram Sadykowa gözleri düşen üç-dört sany artist biri-birine ümleşipdirler. Öňden taýýarlykly artistleriň birinjisi Baýram aganyň öňünden çykypdyr:
– Salawmaleýkim, Baýram jan!
– Waleýkimessalam! Sag-aman ördüňizmi?
– Hudaýa şükür. Biz-ä saglykda ördük-le welin, seniň ýagdaýlaryň gowy däldigi ýüzüňden-gözüňden görnüp dur.
Baýram aga birhili bolupdyr:
– Aý, ýok-la, göwnüňedir. Meniň ýagdaýym gül ýaly. Şu gün turanymdan bäri şähdim açyk. Ýolboýy aýdym aýdyp gelýän.
– Aý, diýseňizem-ä…
Onýança ikinji artist bularyň ýanyna gelip, salam beripdir.
– Baýram aga, ýaramaýan bolsaňyz, jaň edip duýduraýmaly ekeniňiz-dä. Beýle halda teatra geleniňizde-de işläp bilmersiňiz-ä.
– Aý, nätdiňiz-aý, oglanlar. Meniň janym sag, keýpim kök. Siziň öz ýagdaýlaryňyz öwerlik däl ýaly-la. Hany, aýrylyň öňümden – diýip, biraz gaharlanan Baýram Sadykow teatryň gapysyna ýetýär. Ol ýerde ony taýýarlanyp duran üçünji artist garşy alýar.
– Baýram aga, salawmaleýkim. Weý-weý, bu nä boluş, Baýram aga? Ýüzüňizde gan-pet ýok-la. Hany, maňlaýyňyzy elläp göreýin, gyzgynyňyz dagy galaýdymyka? Bu-uww. Baýram aga, nädip geldiňiz bu bolşuňyzda?
Baýram aga ýuwdunypdyr:
– Hany, aýrylsana. Bu gün nä jyn urdy sizi?
Ýoldaşyndan aýlanyp geçip, teatryň içine giren hem bolsa, Baýram aganyň ýöreýşiniň bady gowşapdyr. Ýöräp barýarka, ýuwaşlyk bilen elini maňlaýyna degripdir. Zalyň ugrunda oňa dördünji artist gabat gelipdir:
– Baýram, düýn işden gideňde-de ýagdaýlaň gowudy-la seniň. Bir günde nähili bolaýypsyň sen?
Indi Baýram aganyň dogrudan hem ýüzi agaryp başlapdyr. Ýuwaşlyk bilen ýaňky artiste ýüzlenipdir:
– Beh, dogrudanam şu gün birhili ugrum ýok ýaly… Sen, bar, režissýora aýtsana. «Baýram Sadyk ýaraman, öýüne gaýtdy» – diý.
Şeý diýip teatryň gapysyny usullyk bilen açyp, esli ýörän Baýram aganyň yzyndan ýeten degişgen artistler gülşüp, oýun edendiklerini aýdýarlar. Öýüne tutduryp barýan Baýram agany köşeşdirip, yzyna getirmegiň hyllalla bolandygyny şol artistler soň-soňlar hem ýatlap, gülşüp ýördüler…
Söz… Adamlara diňe gowy sözleri aýtmagy, bolmanda, sözleri saýhallap, saýlap aýtmagy endik edinmegimiz gerek. Bu, ilkinji nobatda, şol sözleri zybanyna getirýän adamyň özi üçin wajyp. Çünki diline getiren sözleriniň güýji ilki onuň özüne täsir edýär. Adamlara aýdýan ýakymly sözleri onuň öz kalbyna rahatlyk getirýär. Ýüreginde rahatlyk höküm sürýän adam bolsa bagtly, sagdyn bolýar. Bu duýgulary ynsana bagyş edýän zat – sözüň güýji. Hawa, eger biz ýerinde ulanyp başarsak, sözüň tükeniksiz güýji bar.
Şahyr G. Ezizowyň aýdyşy ýaly:
«Başarmasaň – ol öçügsi ýyldyzyň,
Başarsaňam – lowlap duran Günüňdir».
Gülälek AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat
Türkmenbaşy adyndaky Baş drama
teatrynyň režissýory.