Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň baş sekretary Zurab Pololikaşwili häzirki wagtda ýerli syýahatçylygyň global syýahatçylykdan has ir dikeljekdigini, munuň dünýä ýurtlarynyň pandemiýanyň täsirlerinden has çalt halas bolmak üçin mümkinçilikdigini belledi. Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynda adamlaryň öz ýurtlaryny gezmekleri we öwrenmekleri üçin höweslendirilýär. Bu bolsa içerki syýahatçylygyň halkara syýahatçylykdan has çalt ösmegine sebäp bolýar. Bilermenler syýahatçylykda 2019-njy ýyldaky ýagdaýa 2024-nji ýylda ýetiljekdigini belleýärler. Geçen ýyl dünýäde syýahatçylaryň sany 1 milliard azalypdyr.
Halkara guramanyň maglumatlaryna görä, şu ýylyň syýahatçylyk möwsüminde bu pudakdaky hasaba alynýan maglumatlar ösüşiň bardygyny görkezýär.
Halkara gurama içerki syýahatçylygyň we ekosyýahatçylygyň has köp mahabatlandyrylmagyna üns berýär. Syýahatçylyk pudagy medeniýete, bozulmadyk tebigat bilen medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklara zerurlyk duýýar.
Bilermenler pandemiýanyň şu ýyl halkara syýahatçylygyna zyýanynyň 1,8 trillion dollara ýetendiginiň çaklanýandygyny belleýärler. 2020-2021-nji ýyllaryň dowamynda bolsa bu görkezijiniň global jemi içerki önüme zyýanynyň 4 trillion dollardan gowrak bolmagyna garaşylýar.