Ýük gatnawlaryny we poçta hyzmatlaryny amala aşyrýan DHL kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän uçarlardan peýdalanar. Ýük gatnawlaryny amala aşyrýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bu ugurda “Eviation” atly kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk edýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Alice” atly elektrouçarlardan peýdalanylar. Ilkinji nobatda şeýle uçarlaryň 12-si işe giriziler. Bu uçarlar arkaly synag uçuşlarynyň şu ýylyň dowamynda başlamagyna garaşylýar. Söwda maksatly uçarlaryň 2024-nji ýylda taýýar boljakdygy habar berildi. Bilermenler daşky gurşawy aýawly saklamakda awiasiýa pudagynyň hem arassa energiýa çeşmelerinden peýdalanmalydygyny belleýärler. “Eviation” kompaniýasy “Alice” atly ýolagçy uçaryny hem taýýarlaýar. 11 orunlyk bu uçar bir gezekki zarýady bilen 814 km ýol geçer. Üç sany perli motor oturdylan uçaryň tizligi sagatda 407 km bolar. DHL bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde hem şol ýolagçy uçarynyň ýük gatnatmaga niýetlenen görnüşi taýýarlanar.