Birnäçe ýyldan bäri smartfon satuwynda öňdeligi eýeleýän “Samsung” kompaniýasy ýarymgeçiriji önümçiliginde hem öňe saýlandy. Koreý brendi köp ýyllardan bäri çip önümçiligi bilen meşgullanýan “Intel” kompaniýasyndan ozdurdy. “Samsung” ýylyň ikinji çärýeginde bu pudakdan alynýan girdeji babatda birinji boldy. “Intel” 24 ýyldan bäri ýarymgeçiriji önümçiliginde we girdeji gazanmakda dünýäde birinji bolup gelýärdi. Bilermenler koreý brendiniň bu üstünliginiň wagtlaýyn däldigini, geljekde hem dowam etjekdigini belleýärler. “Samsung” geçen ýylyň ikinji çärýeginde hem dünýäniň iň girdejili tehnologiýa kompaniýasy bolupdy.