Dünýäniň öňdebaryjy biržalarynyň biri bolan Londonyň gazna biržasynda kompaniýalaryň satyn alnyşy ýokary derejä ýetdi. Biržany maglumat bilen üpjün edýän «Refinitiv» kompaniýasy Angliýada kompaniýalaryň beýleki kompaniýalar tarapyndan satyn alynmagynyň 2021-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda soňky 14 ýylyň iň ýokary derejesine ýetendigini mälim etdi. Ýedi aýyň dowamynda baglaşylan şertnamalar geçen ýylyň degişli döwründäkiden üç esseden hem köp artyp, 198 milliard dollarlyk boldy. Diňe iýul aýynda 34,9 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekildi. Bu artyşda koronawirusyň ýetirýän täsirinden garaşylandan has ir halas bolmagyň hem goşandynyň bardygy mälim edildi. Ýeri gelende bellesek, ýurt geçen ýyl Ýewropa Bileleşiginden doly aýrylypdy.