Riodaky surat Tokioda hem gaýtalandy

84

Tokioda tamamlanyp barýan XXXII tomusky Olimiýa oýunlarynda ýeňil atletika ýaryşlarynda täsin waka hasaba alyndy. Erkekleriň arasynda gülle iteklemekde ýeňiş münberine çykan türgenler we olaryň orunlary Rio 2016-daky bilen deň boldy. Ýagny Tokio 2020-niň altyn, kümüş, bürünç medal gazananlary Rio 2016-daky üstünliklerini gaýtalady. Rioda goýan Olimpiýa rekordyny (22,52 metr) Tokioda 23,30 metre çykaryp, täzelän amerikaly Raýan Krauzer bassyr 2-nji altyn medalyny gazandy. Rioda 21,78 metr bilen kümüş medaly gazanan amerikaly Jou Kowas 22,65 metrlik görkeziji bilen Tokioda hem münberiň ikinji basgançagyna çykdy. Şeýle-de Rio 2016-nyň bürünç medalynyň eýesi awstraliýaly Tom Walş şol üstünligini Ýaponiýa-da gaýtalady. Ol gülläniň Rioda 21,36 metre, Tokioda-da 22,47 metre oklamagy başarypdy.