Angliýanyň Super kubogy bolan “Community Shield” duşuşygy ertir oýnalar. Ýurduň çempiony “Mançester Siti” bilen FA kubogynyň eýesi “Lester Sitiniň” arasyndaky duşuşyk Wembley-de oýnalar. Duşuşyk ertir, ýagny 7-nji awgustda, şenbe güni Aşgabat wagty bilen 21:15-de başlar. “Mançester Siti” bu kubogy 1937-nji, 1968-nji, 1972-nji, 2012-nji, 2018-nji we 2019-njy ýyllarda jemi 6 gezek eýeledi. “Mançester Siti” 6 gezek hem utuldy.  “Lester Siti” 1971-nji ýylda kubogy asmana göterip, bu olaryň ýeke-täk ýeňşidir. Lester 4 gezek ýeňlişe sezewar boldy.