Italiýanyň Kubogy ýaryşynda 2-nji finalçy “Lasio” topary bolup, rimliler ýarym finalda “Atalantadan” üstün çykmagy başardy. Mart aýynyň başynda Rimde oýnalan 1-nji duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Jogap duşuşygynda-da esasy wagtda ýeňiş gazanan bolmady (1-1). 84-nji minutda Romanýoliniň goly bilen öňe geçen “Lasio” toparyna “Atalanta” kluby 2 minutdan soň Paşaliçiň goly esasynda jogap berdi. Goşmaça wagtda-da hasap üýtgemänsoň, ýeňiji 11 metrlik urgulary arkaly kesgitlendi. Bu urgularda 2-1 hasabynda üstün çykan “Lasio” topary “Interiň” finaldaky garşydaşy boldy. “Lasio” topary 11-nji gezek finala çykyp, olar 7 gezek kubogy eýelediler.
Final duşuşygy 13-nji maýda Rimde oýnalar.
PDF









