Tamamalanan Tokio 2020 tomusky Olimpiýa oýunlarynda medal sanawynda soňky günde gazanylan altyn medallar esasynda ABŞ-ly türgenler hytaýlylardan öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi. Amerikaly olimpiýaçylar 39 altyn, 41 kümüş, 66 bürünç, jemi 113 medal gazandylar. Şunlukda, ABŞ 18-nji gezek Olimpiýa oýunlarynda medaly sanawyny birinjilik bilen tamamlamagy başardy. Bu ugurda ozalky SSSR 7 gezek bilen 2-nji ýeri eýeleýär. Fransiýa, Beýik Britaniýa, Germaniýadyr Hytaýa bolsa 1 gezek medal sanawyny çür depede tamamlamak miýesser etdi.

Tokio 2020-de Aziýa yklymynyň wekili hytaýly Olimpiýaçylar 38 altyn, 32 kümüş, 18 bürünç, jemi 88 medal gazanyp, 3-nji sapar 2-nji orny eýelediler (2004, 2012, 2020). Ýer eýeleri ýaponlar iň başarnykly Olimpiadasyny geçirip, 27 altyn, 14 kümüş, 17 bürünç, jemi 58 medal bilen 3-nji orna mynasyp boldy. Ýaponlar 1964-nji we 1968-nji ýyllardan soň 3-nji gezek medal sanawynda 3-nji ýeri eýeledi. 22 altyn, 21 kümüş, 22 bürünç, jemi 65 medal gazanan Beýik Britaniýa 4-nji, Russiýanyň Olimpiýa Komiteti ady bilen gatnaşan russiýaly türgenler 20 altyn, 28 kümüş, 23 bürünç, jemi 71 medal bilen 5-nji ýere mynasyp boldy. 17 altyn medal gazanyp, taryhyndaky iň netijeli Olimpiadasyny tamamlan Awstraliýa 6-njy (17 altyn, 7 kümüş, 22 bürünç, jemi 46 medal), 10 altyn medal gazanan Niderlandlar 7-nji (10–12–14; 36), Fransiýa 8-nji (10–12–11; 33), Germaniýa 9-njy (10–11–16; 37) hem-de Italiýa 10-njy (10–10–20; 40) ýeri eýeledi.