Tokio 2020-de welosportuň trek görnüşinde Kennileriň maşgalasynyň gazanan Olimpiýa medallarynyň sany 15-e ýetdi. Britaniýaly welosipedçiler – Jeýson Kenni bilen aýaly Laura Kenni Tokio 2020-de jemi 4 medal gazandylar. 33 ýaşyndaky Jeýson Kenni trek ýaryşlarynda keirin görnüşinde altyn, toparlaýyn sprint bäsleşiginde-de kümüş medala mynasyp boldy. 29 ýaşly Laura Kenni bolsa madison ýaryşynda altyn, edil ýanýoldaşy ýaly toparlaýyn sprint bäsleşiginde-de kümüş medal gazandy.
Şeýlelikde, Jeýson Kenniniň Olimpiýa oýunlaryna gazanan medallarynyň sany 9-a (7 altyn, 2 kümüş, Laura Kenniniň gazanan medallarynyň sany-da 6-a (5 altyn, 1 kümüş) ýetdi. Jeýson mundan ozal, Pekin 2008-de 1 altyn 1 kümüş, London 2012-de 2 altyn, Rioda 3 altyn medal gazanypdy. Laura bolsa, Tokio 2020-den ozal Londondyr Rio Olimpiadalarynyň hersinde 2 altyn medal eýeläpdi. Netijede, Kennileriň maşgalasy 15 Olimpiýa medalyny gazandy.
Jeýson Kenni umumylykda 7 altyn medal bilen Beýik Britaniýanyň iň köp altyn medal gazanan olimpiýaçysydyr. Onuň umumylykda gazanan 9 medaly-da ony Britaniýada sanawyň birinji ornuna çykarýar.