Irden Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow wakalaryň geçýän ýerine geldi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Harby-Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň täze desgalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.
Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, Watan goragçylaryny bu şanly waka bilen gutlady. Soňra milli Liderimiz Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň dolandyryş binasynyň esasy girelgesine tarap ugrady.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, täze harby bölümi açyp, onuň düzümleri bilen tanşyp başlady.
Täze harby bölüminiň
dolandyryş binasy
Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň hem-de bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.
Baş binada dolandyryş bölümi, şeýle hem nobatçylyk alyp barýan harby deňizçiler üçin iş otagy ýerleşýär. Hemme bölümlere Harby-Deňiz Güýçleriniň hünärmen-serkerdeleri tarapyndan taýýarlanylan ýörite programma üpjünçiligi ornaşdyryldy.
Täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň, elektron kartanyň kömegi bilen Hazar deňzindäki ýolagçy we harby gämileriň hereketlerini yzarlamak mümkin. Munuň özi deňziň kenarýaka bölegine gözegçilik etmek üçin niýetlenen radiolokasiýa enjamlaryň we HDG-niň söweşjeň gämilerinde bar bolan tehniki toplumlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şeýle hem sanly enjamyň, hemra aragatnaşygynyň kömegi bilen gämileriň deňizde ýerleşýän ýerleri, olaryň ýangyç we suw üpjünçiligi kesgitlenilýär. Bu bolsa dolandyryş nokadyndan harby gämiler bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär.
Dolandyryş bölüminde alnan maglumatlar toplanylýar we işlenilýär, bu ýerde oturdylan enjamlar işleri ýeňilleşdirýär hem-de maglumatlary bellenen ýerleri boýunça ibermäge şert döredýär.
Harby gullukçy gulluk etmäge we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge döredilen ajaýyp şertler üçin Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Ýaragly Güýçleriň ähli şahsy düzüminiň adyndan Watan goragçylarynyň mähriban Watanymyza mundan beýläk-de ak ýürekden we wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.
Şol pursatda «Sanjar» gorag gämisiniň serkerdesi onlaýn görnüşinde gäminiň taýýarlyk ýagdaýy, şahsy düzüm tarapyndan geçirilen degerli taýýarlyk barada hasabat berip, milli Liderimize Harby-Deňiz Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak barada döwlet derejesindäki aladasy üçin hoşallyk bildirdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gämini dürbi arkaly gözden geçirdi. Häzirki wagtda HDG-ne Watanymyzyň deňiz giňişliklerinde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmekde uly orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serkerdä jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw edip, binanyň birinji gatyna bardy.
Soňra döwlet Baştutanymyz harby bölümiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Harby-Deňiz Güýçleriniň harby gullukçylaryna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Harby-Deňiz Güýçleriň täze harby bölüminiň desgalarynyň bu ulgamdaky döwrebap talaplara laýyk gurlandygyny bellemek gerek. Onuň çäklerinde esgerler ýatakhanasy bolup, onda harby gullukçylar üçin amatly durmuş şertleri üpjün edildi. Şunda arassaçylygyň we düzgün-tertibiň saklanylmagyna degişli düzgünleriň berk berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär.
Harby gullukçylar üçin niýetlenen naharhana we onuň enjamlaşdyrylyşy häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Ammar önümlerini saklamak üçin sowadyjylar bilen üpjün edildi.
Şeýle hem harby bölümde dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen hem-de ýyladyş we salkynlaşdyryş ulgamlary bilen degişli derejede üpjün edilen jaý bar.
Iň täze tehnologiýalar we sanly ulgamlar bilen üpjün edilen okuw binasy hem göz öňünde tutuldy. Bu ýerde okuwlaryň Harby-deňiz institutynyň talyplary tarapyndan işlenip taýýarlanylan programma üpjünçiligi esasynda geçirilýändigi bellärliklidir. Sanly ulgamlaryň kömegi bilen harby gämileriň dolandyrylmagy, ugurdaş enjamlaryň ulanylyşy, deňiz giňişligine gözegçiligiň alnyp barlyşy öwredilýär.
Harby bölümiň çäklerinde üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary ýerleşdirildi, şolarda harby gullukçylar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, boş wagtlaryny peýdaly geçirip bilýärler. Şeýle hem halkara ölçeglere kybap gelýän iň täze enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi bar.
Döwrebap binasy bolan we häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary hem-de ugurdaş enjamlar bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän mekdepde harby gullukçylaryň çagalary orta bilim alarlar.
Şeýle hem harby bölümiň çäginde ösüp gelýän ýaş nesillere bilim-terbiýe bermegiň häzirki zaman usullaryny özünde jemleýän çagalar bagy hereket edýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň harby bölüminiň çäginde iki sany 3 gatly, 60 öýli ýaşaýyş jaýy, şeýle hem ýaş serkerdelere niýetlenen 2 gatly umumy ýaşaýyş jaýy bar. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynda amatly ýaşaýyş we dynç alyş üçin ähli zerur şertler üpjün edildi.
Toplumyň çäklerinde ugurdaş binalardan başga-da, alyjylara gündelik zerur bolan harytlaryň giň görnüşini hödürleýän köpugurly dükan hereket edýär.
Harby gämi guruldy
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby bölümiň Dolandyryş nokadyna çykyp, harby gämileriň duralgasyna bardy. Bu harby bölümde harby gämiler üçin duralganyň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek, şeýle hem bu ýerde milli HDG-niň ygtyýarynda bolan täze «Deňiz han» atly harby gämi bar. Ol Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Gämileri abatlaýyş kärhanasynda guruldy.
Ýola goýlan asylly däbe eýerip, söweşjeň gäminiň serkerdesi gämä gelen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň baýdagyny galdyrmaga rugsat bermegi barada haýyş bilen ýüzlendi. Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Şol pursatda harby gämileriň ýokarsynda asman giňişliginde ýurdumyzyň Harby-Howa Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan harby uçarlar peýda boldy. Olar dürli belentlikde birnäçe çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirdiler. Bu görnüşler uçarmanlaryň ussatlyk derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.
Harby uçarlaryň uçuşyny synlap, döwlet Baştutanymyz bu ýerden Döwlet serhet gullugyna degişli täze binalar toplumynyň açylyş dabaralarynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Döwrebap binalar toplumy
Bu ýerde wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna täze binalar toplumynyň açylmagyna taýýarlygy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz serhet galasynyň täze binalar toplumynyň toý bagyny kesip, onuň işine ak pata berdi. Munuň özi merdana serhetçiler üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň gadymy ýörelgelerine laýyklykda, amala aşyrylýan hoşniýetli goňşuçylyk, goňşy ýurtlar we halklar bilen özara ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmekde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde, ýurdumyzyň mukaddes çäklerini dost-doganlyk serhedine öwürmek babatda Watan goragçylaryna möhüm ornuň degişlidigini nygtady.
Şeýlelikde, ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şol sanda Döwlet serhet gullugynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Şol bir wagtyň özünde türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki durmuş maksatly binalary gurmak hakynda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz bu işleriň üstünlikli dowam etdirilmeginiň wajypdygyny nygtaýar.
Serhet goşunlarynda degişli düzümleriň sazlaşykly hereketine, serhetçileriň işlerine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Bu bolsa galanyň gözegçilik edýän çägi boýunça degişli maglumatlary toplamak, olary seljermek we gaýtadan işlemek wezipesiniň dessin hem-de dürs ýerine ýetirilmeginde serhetçilere kömek edýär.
Bu ýerde Dolandyryş merkeziniň işiniň täzeçil tehnologiýalar esasynda alnyp barylmagy toplanylan maglumatlaryň öz wagtynda hem-de maksadalaýyk ulanylmagyny üpjün edýär, bu bolsa gullugyň döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna ýardam edýär. Serhet bölüminiň serkerdesi döredilen amatly şertler üçin hoşallygyny beýan edip, Watana ak ýürekden gulluk etjekdigine kasam etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeler bilen baglylykda, serhet galasynyň täze binalary gurlanda, olarda serhetçiler üçin ýokary derejeli gulluk we amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegi esasy wezipe hökmünde kesgitlenilýär. Galanyň çäginde beýleki durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, gulluk itleriniň saklanylýan desgalarynyň bardygyny hem bellemeli.
Toplumda serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýy, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoulaglar üçin duralga we beýleki desgalaryň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilipdir.
Maslahat geçirildi
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň dowamynda milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, degişli gulluklaryň işine häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hasabat berdiler. Aýratyn-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň harby gullukçylarynyň şöhratly pederlerimiziň gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam etdirmekleri, olaryň watansöýüjilik ruhunyň belende galmagy ugrunda zerur tagallalary etmekleri babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň, aýratyn-da, dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine möhüm üns berilmelidir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy düzümlere degişli binalar we desgalar toplumlarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw etdi we maslahaty jemledi. Şeýle hem milli Liderimiz Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy. Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet serhet gullugy üçin täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.