Aşa ys­sy ho­wa adam sag­ly­gy­na, esa­san hem, gar­ry­la­ryň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­na ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Çün­ki bu ýag­daý be­de­niň gyz­ma­gy­na, Gün ur­ma­gy­na, ýü­rek nä­saz­lyk­la­ry­na we aňyň bo­zul­ma­gy­na se­bäp bo­lup bi­ler. Şeý­le hem ýü­rek-da­mar we dem alyş ke­sel­le­ri bo­lan­la­ryň saglyk ýag­daý­la­ry­nyň ýaramaz­laş­ma­gy­na ge­ti­rip bi­ler.
Bi­ler­men­ler tom­suň ys­sy gün­le­ri­ni ýe­ňil­leş­dir­ýän çä­re­le­riň sa­na­wyny düz­dü­ler: öz iý­mit sa­na­wy­ňy­zy öz­ger­dip, on­dan ýag­ly, gow­ru­lan iý­mit­le­ri aý­ryň, çün­ki be­den ola­ry siň­dir­mä­ge köp ener­gi­ýa sarp ed­ýär. Ýo­ka­ry gyz­gyn­lyk de­re­je­sin­de gan go­ýa­lyp, be­den­dä­ki alyş-ça­lyş pro­se­si pe­se düş­ýär we be­de­ne agyr iý­mit­le­ri siň­dir­mek has-da kyn düş­ýär. Şo­ňa gö­rä hem tom­su­na agyr na­har­lar­dan ga­ça du­rup, gök önüm­le­re we ir-iý­miş­le­re aý­ra­tyn üns ber­se­ňiz gowy bo­lar. Çün­ki gök önüm­ler, mi­we­ler (gar­pyz, po­mi­dor we äh­li mi­we­ler) suw­suz­ly­gy­ňy oňat gan­dyr­ýar.
Ys­sy gün­ler­de ýü­ze çyk­ýan teş­ne­li­gi gü­nüň do­wa­myn­da 2-3 litr suw içip gan­dy­ryp bol­ýar. Mu­ňa mi­ne­ral suw­lar, li­mon­ly gök çaý, şe­ker­siz kom­pot, te­bi­gy kwas hem gir­ýär. Gaz­lan­dy­ry­lan süý­ji so­wuk iç­gi­ler bol­sa suw­suz­ly­gy­ňy has-da güýç­len­dir­ýär. Kö­p­räk hy­ýar iýiň, çün­ki onuň 90 gö­te­ri­mi suw­dan yba­rat bo­lup, dü­zü­min­de bir­gi­den klet­çat­ka­la­ry sak­la­ýar.
Eger siz uzak wagt­lap Gü­nüň aşa­gyn­da gal­ma­ly bol­sa­ňyz, ir­den bir dö­wüm çö­re­ge duz ba­syp iý­se­ňiz ar­tyk­maç­lyk et­me­se ge­rek. Bu si­ze teş­ne­lik­den rüs­tem gel­mä­ge ýar­dam be­rer.
Gün ur­ma­syn­dan ga­ça dur­mak üçin kel­lä­ňe baş­gap geý­me­li, esa­san hem, bu ça­ga­lar we gar­ta­şan ýaş­da­ky­lar üçin has-da mö­hüm­dir.
Göz­le­riň ala­da­sy­ny hem et­me­li: çün­ki Gün­den go­ra­ýan äý­nek­ler gö­zi Gü­nüň ýi­ti şöh­le­le­rin­den go­ra­ýar.
Te­bi­gy sü­ýüm­ler­den edi­len açyk reňk­li eşik­le­ri ge­ýiň, çün­ki olar Gün şöh­le­le­ri­ni yzy­na ser­pik­dir­ýär­ler.
Ga­lyň tu­tu­lar, Gün şöh­le­le­ri­ni yzy­na ser­pik­dir­ýän go­rag žal­ýu­z­la­ry ota­gyň içi­ni gyz­gyn­lyk­dan go­ra­ma­ga kö­mek ed­ýär.
Şu gün­ki gün­de otag­la­ry so­wat­mak­da split so­wa­dy­jy­lar giň­den ula­nyl­ýar. Ýö­ne bu ýer­de gow­şak­ly­ga ýol ber­me­li däl: ota­ga gi­ren ba­dy­ňy­za der­län be­de­niň so­wuk aky­ma gar­şy du­ru­jy­ly­gy pes bo­lup, bir­ba­da ra­hat­lyk duý­sa­ňy­zam, so­wuk­la­ny­ňy­zy bil­män ga­lar­sy­ňyz.
Ze­rur­lyk bol­ma­sa, ys­sy ho­wa­da daşarda gez­mez­li­ge çal­şyň! Has ys­sy ho­wa­da be­de­ni­ňi­ze fi­zi­ki taý­dan ag­ram sal­maz­ly­ga çal­şyň! Eger müm­kin­çi­lik bol­sa, iş­dä­ki ara­kes­me­de dynç alyň.
Müm­kin­çi­li­ge gö­rä, sal­kyn su­wa dü­şüp du­ruň. How­dan­lar­da su­wa düş­me­giň hem peý­da­sy uludyr.

Adyl Al­lam­ber­ge­now,
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Gaý­ra­go­ýul­ma­syz tiz kö­mek mer­ke­zi­niň 1-nji hi­rur­gi­ýa bö­lü­mi­niň uro­log hü­när­me­ni.