ABŞ-da Russiýadan import 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,5 esse ýokarlandy. Bu barada ABŞ-nyň ilat ýazuw býurosy habar berýär. Bu görkezijiniň 11,5 milliard dollara ýetendigi bellendi. Russiýa Federasiýasyndan nebit, nebit önümleriniň eksporty 78 göterim artyp, 6,7 milliard dollara ýetdi.
Şeýle-de bolsa, bu maglumatlar Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň maglumatlaryna gabat gelmeýär. Bäş aýyň dowamynda gümrük gullugynyň ABŞ-a eksport baradaky maglumatlary pes bolup, 6,1 milliard dollara (ýyllyk 26 göterim) deň. Şeýle ýagdaýyň Federal gümrük gullugynyň diňe ABŞ-a göni iberilmegini göz öňünde tutýandygy, amerikan tarapynyň bolsa gelip çykyşy boýunça Russiýada öndürilen ähli harytlary nazara alýandygy üçin ýüze çykýar.
Şeýle hem, gymmatly we ýarym gymmat bahaly metallaryň we daşlaryň importy 1,1 milliard dollardan 1,6 milliard dollara çenli bir ýarym esse artdy. Rus dökünleriniň importynyň görkezijisi 35 göterim ýokarlanyp, 0,5 milliard dollara, demir we polat 25 göterim ýokarlanyp, 0,7 milliard dollara deň boldy.
Şeýle hem, 126 million dollarlyk göteriji raketa hereketlendirijileri ABŞ-a iberildi. Roskosmosyň bir bölegi bolan Ylmy-önümçilik bileleşigi Energomaş ABŞ-ny kosmos uçuş ulaglary üçin raketa hereketlendirijileri bilen üpjün edýär.