Moldowanyň Parlamenti täze bellenen Premýer-ministr Natalýa Gawrilisanyň hökümetini makullady. 61 deputat täze hökümetiň düzümini tassyklamak üçin ses berdi. Premýer-ministriň dalaşgärligi sesleriň köplügi bilen tassyklandy. Syýasy maksatnamasyny Parlamente hödürlän Premýer-ministr Natalýa Gawrilisa Ministrler Kabinetiniň kazyýet özgertmelerini, korrupsiýany ýok etmegi, maýa goýumlaryny çekmegi, ýokary aýlykly iş orunlaryny döretmegi, garyplyga garşy göreşmegi we pensiýalary ýokarlandyrmagy ileri tutýandygyny aýtdy.
Geçen aýyň ahyrynda Prezident Maýýa Sandu Natalýa Gawrilisany Premýer-ministr wezipesine belledi we oňa hökümeti gurmaga ygtyýar berdi. Günbatar bilen gatmaşyklary ileri tutýan 49 ýaşly Prezident Maýýa Sandu 2020-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Ol korrupsiýa garşy göreş we Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen häkimiýete geldi.
2021-nji ýylyň aprelinde Sandu iýul aýynda bolup geçen hem-de «Hereket we raýdaşlyk» partiýasyna üstünlik getiren nobatdan daşary saýlaw kampaniýasyna başlap, sesleriň 52 göterimden gowragyna we Parlamentde 63 orna eýe boldy. 43 ýaşly Natalýa Gawrilisa Maýýa Sandunyň uzak wagtlap hyzmatdaşy we partiýadaky orunbasarydyr. Ol Garwardda okady, Bütindünýä bankynda we Ýewropa Komissiýasynda işledi, Moldowanyň maliýe ministri boldy.