Täze möwsüme badalga beren ligalaryň biri-de Türkiýäniň çempionaty bolup, ilkinji tapgyryň soňky duşuşygynda täsin waka bolup geçdi. Giresunspor bilen Galatasaraýyň arasyndaky oýnuň 62-nji minutynda myhman toparyň goragçysy Markao öz topardaşy, ýaş hüjümçi Kerem Aktürkogluny ilki kellesi bilen soňam ýumrugy bilen urdy. Şondan soň emin Markao gyzyl kart görkezip, ony oýundan kowdy. Bu gyzyl kartyň oýunda gödeklik maddasyna görä berlendigi bellenildi. Markaonyň federasiýa tarapyndan birnäçe oýunlyk jerime almagyna, şeýle-de topary Galatasaraý tarapyndan hem agyr jerimeleriň berilmegine garaşylýar.

Bu waka bilen ýatda galan oýunda Galatasaraý Jagne (31) we Çikaldaunyň (45+2) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy.