Hünärmenler tokaýlary goramagyň howanyň üýtgemegine garşy göreşde iň amatly usullaryndan biridigini öňe sürýärler. Tokaýlar ýylda 2 milliard tonna kömürturşy gazyny özüne siňdirýär. Tokaýlar bilen baglanyşykly howanyň üýtgemegine garşy göreş çäreleri durmuşa geçirilse, bu atmosfera goýberilýän zyýanly zyňyndylary ep-esli azaldar we global ýylylygy iki dereje selsiýada saklar. Mundan başga-da, tokaý gaýtadan dikeldilýän energiýanyň 40 göterimini üpjün edýändigi sebäpli, gazylyp alynýan serişdeleriň sarp edilişini azaldyp biler.

Tokaýy goramak pudagynda soňky ýyllarda möhüm ösüşler gazanyldy. Has gowy dolandyryş we arryklan ýerleri dikeltmek boýunça çäreler tokaýlaryň çapylmagyny 50 göterim haýallatdy, tokaýlaryň ýok edilmegini bes etmek indi berjaý edip bolmaýan mesele däl ýaly bolup görünýär. BMG tokaýlar üçin strategiki meýilnama işläp düzdi, esasan hem, 2030-njy ýyla çenli tokaý meýdanyny 3 göterim ýokarlandyrmagy göz öňünde tutup, ol 120 million gektara deňdir.

Bikanun agaç çapmagyň sebiti tokaýdan mahrum etmäge sebäp bolýandygyny köpler bilýär, bilermenler bolsa “planetanyň öýkenine” iň uly howpuň oba hojalygydygyny ýatladýarlar. Tokaýlar kähalatlarda öri meýdanlary ýa-da ekinler üçin boşadylýar. Häzirki wagtda esasy kynçylyk, tokaýlary gorap saklamak bilen bir hatarda adamzadyň oba hojalyk önümlerine bolan ýokary isleglerini kanagatlandyrmakdyr.

BMG bu meselä aýratyn üns berýär. Ilkinji gezek 1992-nji ýylda Braziliýada geçirilen sammitde tokaý meselesi halkara gün tertibine girizildi. Soňra tokaýlary gorap saklamak boýunça bilelikdäki çäreleri göz öňünde tutýan esasy resminamalar kabul edildi. 2000-nji ýylda BMG-niň tokaýlar boýunça forumy döredilip, guramanyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda her ýylda ýygnanýarlar.

Forumyň esasy mowzugy howanyň üýtgemegi we tokaýlaryň çapylmagynyň hakyky netijelerine baha bermekden ybaratdyr. Hünärmenler tokaýlaryň belli bir bahasynyň ýokdugyny, planetamyzyň abadançylygy üçin uçursyz ähmiýetiniň  bardygyny tassyklaýarlar. Ýöne anyk görkezijileriň bolmazlygy tokaýlary ekin meýdanlaryna öwürmek baradaky karar kabul edilende säwliklere sebäp bolýar. Tokaýlaryň aýratyn ähmiýetine garamazdan, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksady bilen bölünip berlen serişdeleriň diňe 2 göterimi ýer dolandyryşyny we tokaýlary döretmek üçin sarp edilýär.