Hytaýly alymlar orbitadaky gün panellerinden energiýa öndürmek üçin täze elektrik bekedini gurmaga taýýarlanýar. Çongçin uniwersitetiniň professory Zhong Ýuançang tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu taslama kosmosda toplanan gün energiýasynyň Ýer ýüzünde ulanylmagyna mümkinçilik döreder. 2030-2050-nji ýyllar aralygyna çenli gigawatt şkalasynda energiýa ýygnap bilýän kiçi göwrümli stansiýa döretmek isleýän alymlar, bu çärelere geçmezden ozal mikrotolkun elektrik geçiriş synaglaryny geçirmek üçin beýiklik şarlaryny ulanarlar. Dünýäniň iň köp ilatly ýurdy bolan Hytaý uglerod dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak we uglerodyň bitarap bolmagy ugrunda möhüm ädimleri ätmegi dowam etdirýär. Geçen hepdelerde gün energiýasyndan öndürýän elektrik energiýasynyň mukdaryny 23% ýokarlandyrandygyny mälim eden 1,398 milliard ilaty bolan ýurt gün energiýasyndan has köp energiýa almak üçin öz kosmos tehnologiýalaryny işjeňleşdirdi.
Häzirlikçe diňe howa şarlary arkaly 300 metr belentlikde synag geçirip bilýän alymlar, bu stansiýanyň kuwwatyny 2050-nji ýyla çenli gigawata çenli artdyrmak isleýärler.