ABŞ-nyň Senaty (Kongresiň ýokarky palatasy) bahasy 1 trillion dollara deň bolan awtoulag we demir ýollaryny, şeýle-de howa we demir ýol menzillerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen teklipler toplumyny kabul etdi. 69 senator kanun taslamasyna ses berdi, 30-sy hem garşy çykdy. Bilermenler munuň Prezident Jozef Baýden üçin kanun çykaryjylyk taýdan uly ýeňiş bolandygyny tassyklaýarlar.

Kanun indiki aýda Wekiller palatasynda serediler. Wekiller palatasy tarapyndan tassyklanan halatynda,  Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda onýyllyklaryň dowamynda könelen ýollary we köprüleri abatlamak, giň zolakly internet hyzmatlaryny ösdürmek we agyz suwy bilen üpjün etmek üçin ulanylýan gurşun turbalaryny çalyşmak boýunça ägirt uly taslamalary amala aşyrmaga girişiler.

Jozef Baýden, kanun taslamasyny goldandygy üçin Kentukki ştatynyň Senatynyň respublikan lideri Miç Makkonnellä minnetdarlyk bildirdi. Makkonnell we beýleki 18 respublikan, infrastruktura baradaky kanunyny kabul etmek maksady biln demokratik fraksiýanyň 50 agzasyna goşuldylar.

Demokratlaryň giň gerimli meýilnamasy

Şeýle-de ABŞ-nyň Senatynda demokratlar millionlarça amerikalylaryň durmuşynda milli hökümetiň ähmiýetini ep-esli giňeltjek 3,5 trillion dollarlyk sosial gorag baradaky teklibi hödürlediler. Bu meýilnama Prezident Jozef Baýdeniň 2020-nji ýyldaky kampaniýa wadalarynyň köpüsini kanuny taýdan öz içine alyp, amerikalylaryň durmuşyny gowulaşdyrmak üçin has gowy mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde,  bar bolan dürli we täze maksatnamalar boýunça jemgyýetçilik hyzmatlaryny giňelder. Bu meýilnama 3 we 4 ýaşly çagalar üçin mekdebe çenli ählumumy hökmany bilimi göz öňünde tutup, orta mekdebi gutaranlar üçin ýerli kollejlerde iki ýyllyk mugt okuw bilen üpjün eder. Gartaşan amerikalylar üçin bu meýilnama stomatologik, oftalmologik we eşidiş enjamlary üçin başlangyç serişde bilen goşmaça saglyk ýeňilliklerine federal çykdajylary artdyrar.

Demokratlaryň bu meýilnamasy howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, federal immigrasiýa kanunlaryny üýtgetmek we ýörite hat boýunça berilýän dermanlaryň bahasyny arzanlatmak üçin täze mukdarda maýa goýmagy hem öz içine alýar.