Şol bir meňüzeş durmuş ýörelgesi köpleri ýadadýar. Ir bilen näme üçindir ýeriňden galasyň gelenok, çünki sen eýýäm günüň neneňsi geçjekdigini bilýärsiň. Ýeriňden turaňsoň bir zatlar garbanýarsyň, ýolda ýarym sagadyňy kitap okap geçiresiň, işe gelip kompýuteriň başyna geçersiň, nahar, ýene-de kompýuteriň başyna geçersiň, ýol, agşamlyk edinersiň, telewizor, uky.

Adamlar köpüsiniň üstünden köp gatnaýan ýodajygynda gezelenç edip, ynjalyk tapýanlary hem bar. Göräýmäge hiç neneň hem däl ýaly, ýöne näme üçindir ruhumyzda bir boşluk bar. Durmuşyň ähli gowulyklaryna aralaşmak üçin diňe günleriň bir güni şol bir ýörelgäňden çykyp, aňymyzyň kabul edesi gelmeýän täze bir ýola düşmeli. Bu netijeli işlemegimiz üçin gaýtadan işledilen kompýuter mysalydyr.

Ozaly bilen özüňize näme gerekdigini biliň. Ýaşlykda haýsy hünäri edinmek isläpdiňiz. Mümkin ýene-de okap, täze bir işe baş goşmak giç däldir.

Işiňizi täzeläp bilersiňiz. Megerem, täze işdeşler, täze borçlar sizi durmuşa ruhlandyryp biler? Şeýle etseňiz ýapyk gurşaw sizden uzaklaşar.

Öz iş meýilnamaňyzy düzüň. Daşary ýurt dillerini öwrenmäge girişiň. Çünki daşary ýurtlara saparda ýerli halk bilen öz dillerinde gürleşip bilersiňiz. Şeýle-de şol ýurtlaryň edim-gylymlary we geçmişi barada gyzykly maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik dörär.

Sport bilen meşgullanyň. Çünki sport bir äheňli durmuşdan, basylyp lenç edilen ýoldan daşlamaga ýardam berýär. Şeýtmek bilen siz bedeniňiziň ýaşaýşa bolan ukybyny artdyrarsyňyz, hemişe ruhubelentlik we şähdaçyklyk hemraňyz bolar. Şeýle-de şäheriň daşyna gezelenje gidip, nepesiňizi durlap bilersiňiz. Şunlukda siz çykasyňyz gelmeýän çygryňyzdan daşlaşyp ugrarsyňyz!

Daş-töweregiňizi gurşap alýan zatlary hem üýtgedip bilersiňiz: mümkinçiligiňiz bolsa, öý goşlaryňyzy, mebelleriňizi täzeläp, olary ulanjaklara berip bilersiňiz.

Bir özüňiz bir ýerlere gidip, iki-üç gün dynç alyp, durmuş hysyrdylaryndan uzaklaşyp görüň. Ýanýoldaşyňyzyň hakyky bahasyna göz ýetirmek üçin, zähmet rugsadynda aýratynlykda dynç alyp görüň.

Zähmet rugsadyny öýüňden uzakda geçirmeli. Çünki ýaşaýan ýeriňden uzakda geçirilen dynç alyş gözýetimiňizi giňeldip, täze maksatlara w emeýillere atarýar.

Sosial torlar arkaly hatlaşmak ýaly peýdasyz pişeler-de durmuşyňyzdan sypba-syryň. Mümkinçiligiň bolsa, boş wagtyňyz kitap okaň.

Sport bilen meşgullanmaga, ertirlik edinmäge ýetişmegiňiz üçin irräk turmaga synanyşyň.

Durmuşy söýüň. Şonda durmuş täze-täze gözellikleri bilen sizi öz gujagyna düýrläp alar. Iň esasy zat bolsa, durman öňe gidiň, çünki öňde kämillik bardyr. Öz başarnyklaryňyzy, özüňde galan täsirleri nädip ýeňip geçendigiňizi soňra ýatlamak olary belläp goýuň.