Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi hem-de oňa hödürlenen işleriň sergisi guraldy. Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirildi: suratçylyk, grafika, kiçi heýkeltaraşlyk, keramika, zergärçilik, halyçylyk we dizaýn.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda suratkeşleriň arasynda yglan edilen bu bäsleşige «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», «Meniň Garaşsyz Watanym», «Bitaraplyk – baky bagtym», «Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary», «Bagtyýar nesil», «Meniň döwürdeşim» ýaly temalar boýunça taýýarlanan nakgaşlyk we grafika eserleri, heýkel, keramika işleri, haly we zergärçilik önümleri, dizaýn taslamalary hödürlendi. Döredijilik bäsleşiginiň sergisinde sungat eserleriniň 200-den gowragy görkezildi. Olaryň her birini synlanyňda, nepisligi, inçeligi, täsinligi bilen tapawutlanýan işleriň awtorlarynyň ýüzlenýän temalaryny içgin öwrenendiklerini görmek bolýar. Türkmen bedewiniň gözelligi, gelin-gyzlaryň el işleriniň nepisligi, bagtyýar çagalyk, maşgala mukaddesligi, şeýle-de paýtagtymyzda we Diýarymyzyň sebitlerinde açylyp ulanmaga berlen dürli maksatly binalardyr desgalar, seýilgähler sungatyň dilinde wasp edilýär.
Eminler toparynyň gelen netijesine görä, bäsleşikde nakgaşçylyk boýunça Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Baýram Nuryýew «Mejnun», zergärçilik boýunça Berdimuhammet Saparow «Bedew», amaly-haşam eserleri boýunça ady agzalan bilim ojagynyň talyby Sähragül Peşşiýewa «Ak durnalaryň aýdymy», keramika boýunça Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowa «Ylham», grafika boýunça Balkan welaýatynyň Serdar çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gurbandurdy Tekäýew «Aşyk oýny», heýkel eserleri boýunça erkin dörediji, heýkeltaraş Eminjan Şaýmardanow «Alaw guş – kaknus», dizaýn ugry boýunça Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Alymjan Işankulyýew «Äleme nur saçýar Türkmenistanym» atly eserleri bilen birinji orna mynasyp boldular. «Bagtyýarlygyň çeper keşbi» ady bilen geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.