Dizaýn studiýasy «Karlo Ratti Associati», uglerod süýümine we ony öndürýän MAE kompaniýasynyň taryhyna bagyşlanan muzeýi – «MAE Museum» taslamasyny işläp düzdi. Bina Italiýanyň Pýaçensa şäherinde gurlar. Desganyň özi adaty materiallardan gurlan, ýöne onuň tutuş interýerini uglerod süýüminden we önümlerinden taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Muzeýiň maksady uglerod süýüminiň özleşdirilişiniň taryhyny we durmuşymyzda ulanylyş çygrynyň giňligini görkezmekden ybaratdyr. Ägirt syrma görnüşindäki girelgeden geçenlerinden soň, myhmanlar taryhy, önümçilik we sergi zallaryna baryp görerler. Birinjisi diwarlaryň ýüzünde köp öýjükli robotlaşdyrylan ammar döredilip, mehaniki manipulýatorlar eksponatlary çykaryp, merkezi syn paneline geçirýärler.
Önümçilik zaly polimerleri, gaýtadan işlenen materiallary, akril süýümi ugleroda öwürmek prosesleriniň çylşyrymlylygyny görkezýär. Ahyrky sergi otagynda inçe uglerod ýüplerinde asylan awtoulaglaryň, uçarlaryň we kosmos gämileriniň modelleri görkeziler. Bu ýerde uglerod materiallary ulanylan geljegi uly taslamalary görüp bilersiňiz. Muzeý indiki ýyl açylar.