Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýurdumyzda sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni ul­gam­lar­da giň möç­ber­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler tu­tuş jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy ul­ga­myň ok­gun­ly ös­me­gi­ne, döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä bi­le­le­şi­gin­de ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. De­mok­ra­tik, dün­ýe­wi, hu­kuk döw­le­ti­niň gu­rul­ma­gy onuň ösü­şi­niň äh­li ul­gam­la­ry­nyň hu­kuk taý­dan ka­da­laş­dy­ryl­ma­gy bi­len ut­gaş­dy­ryl­ýar. Türk­me­nis­tan­da döw­le­tiň äh­li sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-dur­muş, gu­ra­ma­çy­lyk we hu­kuk esas­la­ry bi­te­wi­lik­de bir mak­sa­da – türk­men hal­ky­nyň, ýur­du­my­zyň her bir ra­ýa­ty­nyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na, hem­me­ta­rap­la­ýyn go­rag­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, şah­sy­ýe­tiň kä­mil­leş­me­gi­ni hö­wes­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Ýur­duň Esa­sy Ka­nu­ny ada­myň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, dur­muş hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mek­de esa­sy res­mi­na­ma bo­lup çy­kyş ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy ýur­du­my­zyň ösü­şi­niň her tap­gy­ry­nyň anyk ta­ry­hy şert­le­ri­ni we aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di. Bu ba­bat­da Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry­nyň do­wa­myn­da bo­lup ge­çen kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­ler aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Hu­su­san-da, 1995-nji, 1999-njy, 2003-nji, 2005-nji, 2006-njy ýyl­lar­da Kons­ti­tu­si­ýa üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­ri­zil­di. 2008-nji ýy­lyň 26-njy sent­ýab­ryn­da bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň tä­ze­le­nen re­dak­si­ýa­sy ka­bul edil­di.
Her bir ta­ry­hy döw­rüň öz aý­ra­tyn­ly­gy­nyň bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür hem özü­niň tut­ýan or­ny we äh­mi­ýe­ti bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Türk­me­nis­tan Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­ne ga­dam bas­dy. Jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gi bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de hem-de halk ho­ja­ly­gy­nyň pu­dak­la­ryn­da ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ma­gy, döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da­ky tä­ze baş­lan­gyç­la­ry­nyň öňe sü­rül­me­gi, mil­li sy­ýa­sy ul­ga­myň üýt­ge­me­gi we onuň esa­syn­da Türk­me­nis­tan­da köp par­ti­ýa­ly­ly­gyň dö­re­me­gi, hal­kyň hal-ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gy, dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­nyň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, ýur­du­myz­da uzak möh­let­li me­ýil­na­ma­la­ryň, mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň düz­gün­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek, ola­ry döw­rüň ta­la­by­na la­ýyk ge­tir­mek ze­rur­ly­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy. Şo­ňa gö­rä-de, 2016-njy ýy­lyň 14-nji sent­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi ka­bul edil­di. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Ýur­du­my­zyň Esa­sy Ka­nu­ny­nyň ka­bul edi­len wag­tyn­dan bä­ri Türk­me­nis­tan­da döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça uzak möh­let­le­re gö­nük­di­ri­len iri mil­li mak­sat­na­ma­lar ka­bul edil­di. Hä­zir­ki dö­wür­de şol mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. De­mok­ra­tik ka­da­lar dur­mu­şy­my­za giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk hem öňe git­me­gi­ni üp­jün ed­ýän dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­ma­gy we şol öz­gert­me­le­ri mil­li ka­nun­çy­ly­gy­myz­da ber­kit­me­gi ta­lap ed­ýär. Ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­ler Kons­ti­tu­si­ýa­nyň aý­ry-aý­ry düz­gün­le­ri­niň ýe­ter­lik de­re­je­de dur­mu­şa ge­çi­ri­len­di­gi­ni gör­kez­ýär» di­ýip, nyg­tap geç­di.
Esa­sy Ka­nu­nyň di­ňe bir düz­gün­le­ri däl-de, eý­sem, onuň içer­ki gur­lu­şy hem kä­mil­leş­di­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da Türkmenistanyň Kons­ti­tu­si­ýasy 142 mad­da­dan yba­rat. Goş­ma­ça­lar ada­myň, ra­ýa­tyň hu­kuk­la­ry­na, azat­lyk­la­ry­na we borç­la­ry­na de­giş­li­dir. Hu­su­san-da, Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň 17-nji mad­da­syn­da il­kin­ji ge­zek: «Döw­let ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň ös­me­gi üçin ze­rur şert­le­ri üp­jün ed­ýär» diý­lip, be­ýan edil­ýär. Ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň mak­sat­la­ry has wa­jyp me­se­le­le­ri çöz­mek üçin ra­ýat­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­riniň, döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ry­nyň we ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň bäh­bit­le­ri­ni yla­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Esa­sy Ka­nun­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan­da jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň gym­mat­ly ha­zy­na­sy adam­dyr, onuň hu­kuk­la­ry, azat­lyk­la­ry el­deg­ril­me­siz­dir.
Ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ýan we dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän, hal­ky­my­zyň me­de­ni-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýan, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň gör­lüp-eşi­dil­me­dik de­re­je­de ös­ýän we tä­ze be­lent­lik­le­re ta­rap ynam­ly öňe bar­ýan döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan äh­li öz­gert­me­le­riň hu­kuk bin­ýa­dy­ny üp­jün ed­ýär. Esa­sy Ka­nun­da jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ry, hä­ki­mi­ýet we do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň işi­ni, döw­let-hu­kuk ins­ti­tut­la­ry­nyň tu­tuş ul­ga­my­ny öz­gert­mä­ge de­giş­li me­se­le­ler öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň ka­da­la­ry­ny yl­my taý­dan sel­jer­mek hem­me­ta­rap­la­ýyn öňe bar­ýan ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň döw­re­bap hu­kuk bin­ýa­dy­ny ke­ma­la ge­tir­mek üçin ze­rur­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan giň­den gol­da­nyl­ýan baş­lan­gyç­la­ry dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, mö­hüm sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy, yn­san­per­wer me­se­le­ler bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek işin­de oňyn hyz­mat­daş­ly­gyň anyk müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri – ýur­du­myz­da äh­li ul­gam­la­ryň ro­waç­lyk­la­ra, üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän döw­ri. Bu tä­ze ta­ry­hy eý­ýam hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň äh­li hal­ky­my­zyň bo­le­lin dur­muş­da asu­da ýa­şaý­şy ug­run­da­ky ata­lyk ala­da­la­ry­nyň da­ba­ra­lan­ýan we dün­ýä dol­ýan eý­ýa­my­dyr.
Jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýö­rel­ge­le­ri­ni ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, ba­şy dik bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li, dün­ýä äh­mi­ýet­li iş­le­rin­de ro­waç­lyk­lar ýa­ran bol­sun!

Beg­li HOM­MA­DOW,
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­rap pro­ku­ro­ry­nyň kö­mek­çi­si, 2-nji de­re­je­li ýu­rist.