Her möwsüm özi bilen miwesini alyp gelýär. Şeýle miweleriň arasynda iň halanylýanlarynyň biri hem ýertudanadyr. Bu datly miwe rozalar maşgalasyna degişli bolup, tohumlary miwesiniň daşynda ýerleşýär. Dünýäde täjirçilik maksady bilen iň köp ösdürilip ýetişdirilýän bu miwäniň düzüminde örän köp mukdarda C witamini bar. Gazetimiziň şu sanynda ýertudanalar hakynda gyzykly maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirmegi müwessa bildik:
Her ýertudananyň daş ýüzünde 200 töweregi tohum bar.
Onuň 90 göteriminden gowragy suwdur.
Bu miwäniň tohumlary bilen başga görnüşli miweler hem ýetişdirilýär.
Bir kilogram ýertudananyň düzüminde bir kilogram limondakydan has köp şeker bar.
Dünýädäki iň uly ýertudananyň agramy 250 gram bolup, ol 2015-nji ýylda Ýaponiýada ösdürilip ýetişdirildi.
Amerikaly alymlar balyk genini sanjym edip, gök reňkli ýertudanany ösdürip ýetişdirdiler.
Heniz doly bişmedik wagty ýertudanadan duzlandyrylan iýmit taýýarlanýar.
Sekiz sany ýertudana gündelik C witamini zerurlygynyň 100 göterimini kanagatlandyrýar.
Ýertudanany dişiňize yzygiderli sürtseňiz, agartmaga ukyplydyr.
Belgiýada ýertudanalaryň dürli görnüşleri ýetişdirilýän ýörite muzeý bar.
Amerikalylar we Gadymy Rimliler derman hökmünde ýabany ýertudanany ulanypdyrlar.
Ýabany ýertudanalar dünýäde asyrlarboýy bar bolsa-da, olary ösdürip ýetişdirmäge XVI asyrda başlandy.
Bu miwäni ilkinji ýüze çykaryjylar amerikalylar hasaplanýar.
Ýertudananyň önümçiligi boýunça Hytaý öňdeligi eýeleýär. Bu ýurtda ýylda 3 million tonna golaý ýertudana ýetişdirilip, dünýä bazaryna çykarylýar.
Dünýäde ýertudananyň ylmy taýdan atlandyrylan 20-den gowrak görnüşi bar.
Ýertudanalaryň iň köp eksport edilýän ýurdy Ispaniýa bolup, degişlilikde ABŞ ikinji, Meksika üçünji orny eýeleýär.