Moto GP boýunça möwsümiň 11-nji ýaryşy Awstriýada geçirildi. Spilberg şäherindäki 4,3 kilometrlik «Red Bull» trassasynda geçirilen ýaryşda «Red Bull KTM» toparynyň Günorta Afrikaly sürüjisi Bred Baýnder ýeňiş gazandy. 26 ýaşly sürüji 28 aýlawy 40 minut 46,928 sekuntda geçip, karýerasynda ikinji gezek birinji orny eýeledi. Ondan 9,991 sekunt yza galan «Ducati Lenovo» toparynyň italiýaly sürüjisi Françesko Banaia bilen 11,570 sekunt soň pellehana gelen «Ducati Pramac Racing» toparynyň ispaniýaly sürüjisi Horge Martin degişlilikde, 2-3-nji orunlara mynasyp boldular.
Geçirilen 11-nji bäsleşikden soň, Awstriýa «Gran Prisinde» 7-nji ýeri eýelän fransiýaly Fabio Kuartararo 181 utuk bilen 1-nji orunda barýar. 2-3-nji ýerleri paýlaşýan italiýaly Françesko Banaia bilen ispaniýaly Žoan Miriň 134 utugy bar.
Möwsümiň indiki ýaryşy 29-njy awgustda Angliýanyň Silwerstoun şäherinde geçiriler.