Zambiýanyň Prezidenti boldy. Zambiýanyň öňdebaryjy partiýasynyň dalaşgäri Hakainde Hiçilema ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiji diýlip yglan edildi. Ol 2,8 milliondan gowurak ses alyp, 2015-nji ýyldan bäri ýurda ýolbaşçylyk edýän häzirki Prezident Edgar Lungundan öňe saýlandy. 15-nji awgustda saýlaw topary syýasy çäräniň netijelerini mälim etdi. Netijede, Hakainde Hiçilema saýlawçylaryň 58,5 göterim, Edgar Lungun bolsa, 36,5 göterim goldawyna eýe boldy. Saýlawlarda Prezidentlige 16 dalaşgär bäsleşdi.
1300 ýyllyk täsin heýkel. Gazagystanyň günortasyndaky Türküstan şäherinden 250 kilometr uzaklykda gadymy türk döwrüniň daş heýkeli tapyldy. Bu barada Ahmed Ýasawy adyndaky Halkara uniwersitetiniň professory Muhtar Koja tarapyndan mälim edildi. Bu heýkel özüniň adaty bolmadyk keşbi we taraşlanyşy bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Arheologlar topary heýkeliň 1000-1300 ýyllykdygy barada netijä geldiler. Indi zenan şekilli heýkel Ahmed Ýasawy adyndaky Halkara uniwersitetiniň Arheologiýa gözleg institutynda çynlakaý öwreniler.
Çybyndan goraýan eşik. ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň alymlary çybynlaryň eşigiň daşyndan çakmagyna garşy durmaga 100 göterim çydamly mata döretdiler. Barlag geçirijiler «Aedes aegypti» görnüşli çybyny we onuň kellesiniň ululygyny öwrendiler. Alymlar süýümleriň arasynyň haýsy ululykda bolmalydygyny hem-de sapaklaryň galyňlygyny hasapladylar. Netijede, dykyzlygy bilen tapawutlanýan ýörite dokma önümi döredilip, onuň çybyn çakmagyna garşy durmakda has mäkämdigi belli boldy.
53 ýyldan soň gaýtaryldy. Şotlandiýanyň Peýsli şäheriniň merkezi kitaphanasyndan ýarym asyrdan gowurak wagt mundan öň kitap alan okyjy kitaby yzyna gaýtardy. Ol kitaby wagtynda gaýtarmandygy üçin 20 funt töledi. Balbir Singhiň awtorlygynda 1968-nji ýylda neşir edilen «Hindi naharlary» atly kitap abat saklanypdyr. Kitaphananyň müdiri Linda Fliniň belleýşi ýaly, okyjynyň ýazan haty has täsirli. «Bu kitaby giç gaýtaranlygym üçin ötünç soraýaryn. Ýalňyşymy boýun alyp, simwoliki töleg töleýärin. Sag boluň!» diýip, okyjy ýazypdyr.
Iň yssy aý boldy. Dünýäniň gyzgynlyk derejesi 2021-nji ýylyň iýul aýynda meteorologik gözegçilikleriň bütin taryhynda 1880-nji ýyldan bäri iň yssy howa boldy. Bu barada ABŞ-nyň söwda ministrliginiň ýanyndaky Ummanlar we atmosfera barlaglary boýunça milli edarasy (NOAA) habar berdi. Şeýle hem, bu edaranyň wekilleri tomsuň ortalarynyň, adatça, ýylyň iň yssy döwri bolýandygyny bellediler. «Ýöne muňa garamazdan, iýul aýynda Ýer togalagyna gözegçiligiň bütin taryhynda iň yssy howa boldy» diýlip, guramanyň saýtynda mälim edilýär.
Orunlary doldurmaga rugsat berdi. Saud Arabystanynyň raýat awiasiýasynyň baş müdirligi, 1-nji sentýabrdan başlap, ähli ýolagçylaryň COVID-19-a garşy sanjym edilmegi şerti bilen, içerki gatnawlardan peýdalanmagyna rugsat berdi. Bu barada Patyşalygyň raýat awiasiýasynyň kararynda mälim edilýär. 12 ýaşdan kiçi çagalar, şeýle hem lukmançylyk sebäpleri bilen sanjym etmek gadagan edilen adamlar bellenilen talaplardan boşadylar. Şol bir wagtyň özünde, her kimiň agyz-burun örtügini dakynmagynyň hökmanydygy bildirilýär.
Almazdan gaty aýna ýasaldy. Hytaýyň Ýanşan uniwersitetiniň barlag geçirijileri aýna görnüşli dünýäniň iň gaty materialyny döretdiler. Bu aýna mäkämligi babatda adaty almazdan hem has berkdir. Täze material doly ugleroddan ybarat bolup, 113 gigapikseliň gatylygy bilen häsiýetlendirilýär. Tebigy almaz şol bir gatylyk şkalasynda bary-ýogy 50-70 gigapiksel görkezýär. Bu material sarymtyldan durulygy bilen tapawutlanýar. Alymlar bu materialyň goranyş pudagynda we senagat önümçiliginde aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny belleýärler.
Çeburaşkanyň 55 ýyllygyna. Çeburaşkanyň adyny göterýän atyr 20-nji awgustda gahrymanyň döredilmeginiň 55 ýyllygy mynasybetli hödürlener. «Multimediýa merkezinde gahrymanyň 55 ýyllygynyň bellenilýän gününde hakyky çeburaşka gurjagy we adybir atyr görkeziler» diýip, «Soýuzmultpark»-yň wekilleri habar berdiler. Çeburaşka ilkinji gezek 1966-njy ýylda Eduard Uspenskiniň eserlerinde peýda boldy. 1969-njy ýylda «Soýuzmultfilm» kinostudiýasynda režissýor Roman Kaçanow tarapyndan «Krokodil Gena» multfilmi döredildi.