Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy li­ga­la­ryn­dan Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-nyň tä­ze möw­sü­mi­ne er­tir ba­dal­ga ber­ler. Bu möw­süm «Se­rie A»-nyň 90-njy, Ita­li­ýa­nyň iň ýo­ka­ry li­ga­sy­nyň 120-nji möw­sü­mi bo­lar. Çem­pi­on­ly­gyň esa­sy da­laş­gär­le­ri hök­mün­de «Ýu­wen­tu­sy», soň­ky çem­pi­on «In­te­ri», «Ro­ma­ny», «Mi­la­ny» hem-de «Ata­lan­ta­ny» gör­kez­mek bo­lar. Çem­pio­nat 21-nji aw­gust­da baş­lap, gel­jek ýy­lyň 22-nji ma­ýyn­da ta­mam­la­nar.
Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň Ýew­ro­pa­da çem­pi­on bol­ma­gy­nyň çem­pio­na­ta nä­hi­li oňaý­ly tä­si­ri­niň bol­jak­dy­gy­ny wagt gör­ke­zer. Ro­nal­do­nyň trans­fe­ri bi­len az­da-kän­de ab­ra­ýy ýo­kar­la­nan «Se­rie A»-da bu möw­süm­de azy ýa­ran trans­fer wa­ka­sy bol­ma­dy. Gaý­tam Ro­me­lu Lu­ka­ku ýa­ly ýyl­dyz hü­jüm­çi «Se­rie A»-dan gaýt­dy. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, esa­san hem tä­lim­çi­le­riň bäs­le­şi­gi­ne öw­rül­jek çem­pio­na­tyň 90-njy ýu­bi­leý möw­sü­min­de haý­sy to­pa­ryň maý aýyn­da ar­zy­ly ku­bo­gy eýe­le­jek­di­gi jan­kö­ýer­le­ri gy­zyk­lan­dyr­man du­ra­nok.
«ÝU­WEN­TUS». Iki ýyl­dan soň tä­ze­den to­pa­ryň tä­lim­çi­li­gi­ne bel­le­nen Mas­si­mi­lia­no Al­le­ge­ri­niň we onuň şä­girt­le­ri­niň il­kin­ji no­bat­da­ky mak­sa­dy bir möw­süm­lik ara­kes­me ber­len çem­pi­on­lyk ýo­lu­na gaý­ta­dan do­lan­mak. Ro­nal­do, Kie­za, Di­ba­la, Mo­ra­ta, Ki­el­li­ni, Bo­nuç­çi ýa­ly ýyl­dyz­la­ry­na bil bag­la­ýan Go­ja Sin­ýo­ra­nyň ýe­ne bir esa­sy ar­zu­wy köp ýyl­dan bä­ri ýe­tip bil­me­ýän UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­mak bo­lar.
«IN­TER». 11 ýyl­dan soň ga­za­ny­lan çem­pi­on­ly­gy­ny bu möw­süm­de gaý­ta­la­mak Mi­lan şä­he­ri­niň ga­ra-gök to­pary­na kyn düş­se ge­rek. Klu­by çem­pi­on eden tä­lim­çi An­to­nio Kon­te, şol san­da uly go­şant go­şan Ro­me­lu Lu­ka­ku, Aş­rah Ha­ki­mi da­gy to­par­dan git­di. Or­nu­na Je­ko, Damf­riz, Çal­ha­nog­lu ýa­ly oýun­çy­la­ry go­şan «ne­raz­zur­ri­ler» Mar­ti­nes, San­çes, Pe­ri­şiç, Ba­rel­la, Han­da­no­wiç ýaly futbolçylaryna bil bag­la­ýar. Tä­ze tä­lim­çi Si­mo­na In­za­gi­niň hem nä­hi­li ba­şar­nyk gör­kez­jek­di­gi so­wal bo­lup dur­ýar.
«RO­MA». Rim­li­le­riň şu möw­süm­dä­ki iň esa­sy trans­fe­ri, gür­rüň­siz, tä­lim­çi Žo­ze Mou­ri­nio bo­lup, onuň tä­ze­den «Se­rie A»-da nä­hi­li oýun gör­kez­jek­di­gi köp­le­riň üns mer­ke­zin­de. Topar Ab­ra­ham, Şo­mu­ro­dow, Rui Pat­ri­sio ýa­ly oýun­çy­la­ry trans­fer et­di.
«MI­LAN». Iki möw­süm­den bä­ri özü­ni dür­säp baş­lan «Mi­lan» Ste­fa­no Pio­li­niň tä­lim­çi­li­gin­de yzy­gi­der­li­ligini sak­lap gel­ýär. Don­na­rum­ma, Çal­ha­nog­lu ýa­ly esa­sy oýun­çy­la­ry­ny elin­den gi­de­ren «Mi­lan» Ži­ru, Maý­nan ýa­ly fran­siýaly futbolçyla­ry trans­fer et­di. Ge­çen möw­süm­de myh­man­çy­lyk­da tas äh­li oýun­da ýe­ňiş ga­za­nan «Mi­lan» öz meý­dan­ça­syn­da bu gör­ke­zi­ji­si­ni ýo­kar­lan­dyr­sa, çem­pi­on­ly­gyň iň esa­sy da­laş­gä­ri bo­lar.
«ATA­LAN­TA». Soň­ky ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ýa­ry­şyn­da so­ňu­na çen­li gö­reş alyp bar­ýan we owa­dan oý­ny bi­len ta­rap­ly-ta­rap­syz hem­mä­niň söý­gü­si­ni ga­za­nan «Ata­lan­ta» tä­lim­çi­si Jan Pi­er Gas­pe­ri­nä bil bag­la­ýar. To­par üç möw­süm­den bä­ri üçün­ji­li­gi eýe­läp gel­ýär.
BEÝ­LE­KI­LER. Mau­ri­zio Sar­ri­ni tä­lim­çi­li­ge bel­län «La­sio­ny», Lu­ça­no Spa­llet­ti­ni bi­len tä­ze baş­lan­gyç­la­ra ga­da­m ba­san «Na­po­li­ni» çem­pi­on­ly­gyň beý­le­ki da­laş­gär­le­ri hök­mün­de bel­le­mek bo­lar.

20 to­pa­ryň 12-si tä­lim­çi­si­ni ça­lyş­dy
To­par­la­ryň kö­pü­si tä­ze möw­sü­me tä­ze tä­lim­çi­ler bi­len baş­la­ýar. Tä­lim­çi­si­ni çal­şan to­par­la­ryň sa­ny 12-ä deň bo­lup, bu soň­ky ýyl­lar­da ha­sa­ba al­nan iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­dir.
«Na­po­li­de» Jen­na­ro Gat­tu­so­nyň or­nu­na Lu­ça­no Spal­let­ti, çem­pi­on «In­ter­de» An­to­nio Kon­te­niň or­nu­na «La­sio­nyň» tä­lim­çi­si Si­mo­na In­za­gi, «La­sio­da» In­za­gi­niň ýe­ri­ne-de Mau­ri­zio Sar­ri geç­di. «Ýu­wen­tus­da» And­rea Pir­lo we­zi­pe­sin­den bo­şa­dy­lyp, onuň or­nu­na tu­rin­li­le­riň ozal­ky tä­lim­çi­si Mas­si­mi­la­no Al­leg­ri we­zi­pä bel­le­nil­di. «Ro­ma­da» por­tu­ga­li­ýa­ly Pau­lo Fon­se­ka­nyň de­re­gi­ne baş­ga bir por­tu­ga­li­ýa­ly tä­lim­çi, meş­hur Žo­ze Mou­ri­nio to­pa­ryň tä­lim­çi­si bol­dy. «Hel­las We­ro­na­nyň» ge­çen möw­süm­dä­ki tä­lim­çi­si Iwan Ýu­riç şu möw­süm üçin «To­ri­no» to­pa­ry­na tä­lim be­rer. «Hel­las We­ro­na» bol­sa Eu­se­bio Di Fran­çes­ko bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. «Spe­si­ýa­nyň» tä­lim­çi­si Win­çen­zo Ita­lia­no kar­ýe­ra­sy­ny «Fio­ren­ti­na­da» do­wam et­dir­se, Tia­go Mot­ta «Spe­si­ýa­nyň» tä­ze tä­lim­çi­si bol­dy. «Em­po­li­dä­ki» we­zi­pe­si­ni taş­lan Ales­sio Di­on­si «Sas­suo­lo» to­pa­ry­na tä­lim be­rer. Di­on­si­niň or­nu­na-da «Em­po­li» to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry Au­re­lio And­reazz­li bi­len yla­laş­dy­lar. «Samp­do­ri­ýa­da­ky» we­zi­pe­si­ni taş­lan Klau­dio Ra­nie­ri­niň or­nu­na Ro­ber­to D’Awer­sa bel­le­nil­di.
He­mi­şe ýer­li tä­lim­çi­le­riň öňe saý­lan­ýan ýur­dun­da 20 tä­lim­çi­niň di­ňe 3-si da­şa­ry ýurt­ly bo­lup, ga­lan 17-si ital­ýan­lar­dyr. Beý­le­ki 3 tä­lim­çi-de por­tu­ga­li­ýa­ly, ser­bi­ýa­ly hem-de hor­wa­ti­ýa­ly tä­lim­çi­ler­dir.

Çem­pio­na­tyň tä­ze we­kil­le­ri
«Se­rie A»-nyň tä­ze to­par­la­ry «Sa­ler­ni­ti­na», «We­ne­si­ýa» hem-de «Se­rie B»-niň çem­pio­ny «Em­po­li» klub­la­ry­dyr. Ola­ryň il­kin­ji iki­si en­çe­me ýyl­dan soň «Se­rie A» do­lan­dy. 3-nji ge­zek «Se­rie A»-da çy­kyş et­jek «Sa­ler­ni­ta­na» mun­dan öň 1947/48 hem-de 1998/99 möw­süm­le­rin­de bu ba­şar­ny­gy gör­ke­zip­di. Ýur­duň suw üs­tün­dä­ki şä­he­ri­niň klu­by «We­ne­si­ýa» 20 ýyl­dan soň ýo­ka­ry li­ga do­la­nyp, «Se­rie A»-da­ky 13-nji möw­sü­mi­ni baş­dan ge­çi­rer­ler. «We­ne­si­ýa» soň­ky 2001/02 möw­sü­min­de Se­rie A-da çy­kyş edip­di. Ýy­gy-ýy­gy­dan aşa­ky li­ga düş­ýän «Em­po­li» soň­ky ge­zek 2018/19 möw­sü­min­de «Se­rie A»-da çy­kyş edip, bu ýyl ola­ryň 14-nji möw­sü­mi bo­lar.

 

Çempionatyň birinji aýlawynyň iň esasy duşuşyklarynyň geçiriljek tapgyrlary:

3-nji tapgyr:

Milan–Lasio, Napoli-Ýuwentus

4-nji tapgyr: Ýuwentus–Milan

6-njy tapgyr: Inter-Atalanta

7-nji tapgyr: Atalanta–Milan

8-nji tapgyr: Ýuwentus–Roma, Lasio–Inter

9-njy tapgyr: Inter-Ýuwentus, Roma–Napoli

11-nji tapgyr: Roma–Milan

12-nji tapgyr: Milan–Inter

13-nji tapgyr: Inter-Napoli, Lasio–Ýuwentus

14-nji tapgyr: Ýuwentus–Atalanta, Napoli–Lasio

16-njy tapgyr: Napoli-Atalanta, Roma–Inter

18-nji tapgyr: Milan–Napoli